Ozal Beýik Britaniýanyň Ýörite harby güýçler toparynda bolan “Red Bull” türgeni Nimsdaý Purja Ewerestden soň dünýäniň iň beýik 2-nji nokadyna dyrmaşdy. Nepally türgen we ýoldaşlary K2 diýlip bilinýän bu ýere gyş paslynda çykmagy başaran ilkinji alpinistler hökmünde taryha girdi. Beýikligi 8 müň 611 metre deň bolan K2 dagyna adatça gyş paslynda çykmak şu wagta çenli hiç kime başartmandy. Bu ýere dyrmaşmak mümkin däl diýlip bilinýärdi. Şeýlelikde bu ugurda rekord goýan Purja: “Men we ýoldaşlaryma gyşyň agyr şertlerinde K2-niň çür depesine çykmak başartdy. Muny başaranymyz üçin biz örän buýsançly. Mümkin däl diýilýän zady başardyk. Taryhda uly yz galdyranymyz üçin biz örän şat. Bize dünýäniň çar künjeginden gutlaglar gelip gowuşýar. Goldaw berenlere köp sagbolsun aýdýarys” diýip, çykyş etdi.

K2 dagy Pakistan bilen Hytaýyň araçäginde ýerleşip, ol dünýäniň iň belent dagy Ewerestden 237 metr pes. Bu daga beýleki pasyllarda çykmak başartsa-da, gyş paslynda henize çenli çür depe barmak hiç bir alpiniste miýesser etmändi.