2011-nji ýyl­dan 2020-nji ýy­la çen­li ge­çen 10 ýyl, ho­wa we daş­ky gur­şa­wyň gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça iň ys­sy ýyl­lar bol­dy. Bu ba­ra­da BMG-niň Že­ne­wa­da­ky Bü­tin­dün­ýä Me­teo­ro­lo­gi­ýa Gu­ra­ma­sy (WMO) ha­bar ber­di. Ho­wa­nyň iň ýo­ka­ry or­ta­ça de­re­je­si soň­ky al­ty ýyl­da ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le hem, soň­ky 12 aýyň do­wa­myn­da ho­wa­nyň or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň 14,9 de­re­je­di­gi, mu­nuň se­na­gat­dan öň­ki dö­wür­dä­ki (1850-1900) de­re­je­den 1,2 de­re­je ýo­ka­ry­dy­gy bel­len­di.
«Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi onuň de­re­je­si­ne tä­sir edip, dür­li te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bol­dy» di­ýip, WMO-nyň bi­ler­men­le­ri bel­le­ýär­ler. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş hem öz ge­ze­gin­de adam­za­dyň hä­zir­ki ýüz­ýyl­lyk­da ho­wa­nyň 3-5 de­re­je ýo­kar­lan­ma­gy­na ta­rap bar­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, te­bi­gat bi­len yla­la­şyk XXI asy­ryň yk­bal çö­zü­ji me­se­le­si bo­lup, hem­me­ler üçin iň ile­ri tu­tul­ýan ugur bol­ma­ly­dyr.