Germaniýanyň Hristian Demokratik Bileleşiginiň (CDU) müňden gowrak wekili partiýanyň täze liderine ses berdi. CDU-nyň häzirki lideri Annegret Kramp-Karrenbauer goldawyň azlygyna salgylanyp, bir ýyl ozal gaýtadan saýlanmakdan ýüz öwürdi. Ses berlişigiň netijesinde, Armin Laşet Germaniýanyň dolandyryjy Hristian Demokratik Bileleşigi (CDU) partiýasynyň täze başlygy boldy. CDU-nyň wekilleri Armin Laşet 521 sese, Fridrih Mers 466 sese eýe boldy. Şeýlelikde Armin Laşet sesleriň köplügi bilen ýeňiş gazandy.
Armin Laşet Germaniýada iň köp ilatly Demirgazyk Reýn-Westfaliýa federal sebitiniň (Bawariýa bilen birlikde) Premýer-ministridir. Gurultaýdan öňki alyp baran kampaniýasynda eden çykyşynda ylalaşyk syýasatyny, nemes jemgyýetini birleşdirmegi goldaýandygyny, Kansler Angela Merkeliň syýasatyny üstünlikli dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Täze hökümetiň döremegine sebäp boljak Bundestaga (Parlament) saýlawlar şu ýylyň 26-njy sentýabrynda geçiriler. Angela Merkel bu saýlawlardan soň syýasy karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi.
Konserwatiw bileleşik CDU-CSU-dan saýlawdan öňki sanawa kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi we şoňa görä-de Kansler wezipesine kimiň dalaşgär boljakdygy baradaky karar iki doganlyk partiýanyň arasynda geçirilen maslahatlardan soň kabul ediler. Munuň ýakyn aýlarda bolmagyna garaşylýar. Bäsdeşligiň netijeleri belli bolandan soňra, ýeňiji şu ýylyň sentýabr aýynda Germaniýada geçiriljek Parlament saýlawlarynda Kansler wezipesine dalaşgär bolup biler. Şeýlelikde, 16 ýyldan soň ilkinji gezek Angela Merkeliň CDU-a ýolbaşçylyk etmejekdigi habar berilýär.