Şwe­si­ýa­nyň Sko­ne se­bi­ti­niň hä­ki­mi­ýe­ti Şwe­si­ýa­nyň Hel­sing­borg hem-de Da­ni­ýa­nyň Hel­sin­gýor şä­her­le­ri­niň ara­syn­da tä­ze su­was­ty ge­çel­gä­niň tas­la­ma­sy we gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça Şwe­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň baş­la­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. «Gel­je­gi uly tas­la­ma di­ňe bir ma­li­ýe taý­dan peý­da­ly bol­man, eý­sem, iki ýur­duň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ne iter­gi be­rer» di­ýip, Sko­ne se­bi­ti­niň hä­ki­mi­ýe­ti bel­le­ýär.
Sko­ne se­bi­ti­niň hä­ki­mi­ýe­ti bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len Da­ni­ýa bi­len hyz­mat­daş­ly­ga gi­riş­mek is­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le hyz­mat­daş­lyk mun­dan ozal Şwe­si­ýa bi­len Da­ni­ýa­ny bir­leş­dir­ýän Ere­sunn köp­rü­si­niň gur­lu­şy­gyn­da bo­lup geç­di. Şeý­le-de bol­sa hä­ki­mi­ýet Ko­pen­ga­gen bi­len Malm­ýo­nyň ara­syn­da­ky meş­hur Ere­sunn köp­rü­si­niň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­wyň kö­pel­me­gi se­bäp­li uzak gel­jek­de Da­ni­ýa bi­len Şwe­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky ýe­ke-täk bag­la­n­şyk bol­ma­ly däl di­ýip ha­sap­la­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da me­ýil­na­ma­da de­mir ýol we aw­tou­lag he­re­ke­ti üçin iki sa­ny su­was­ty ge­çel­ge­den yba­rat bir bag­la­ny­şy­gy dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu tas­la­ma­dan baş­ga-da hä­ki­mi­ýet­ler ýe­ne-de bir­nä­çe tas­la­ma­ny göz öňün­de tut­ýar­lar.