«The Li­ne» diý­lip at­lan­dy­ryl­jak tä­ze şä­her Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da «Ne­om» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­lar. Esa­sy mak­sat di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­li aw­tou­lag­lar we ug­le­rod zy­ňyn­dy­la­ry bol­ma­dyk şä­her­ gur­mak­dan yba­rat. «The Li­ne»-iň gur­lu­şy­gy, köp ba­bat­da ne­bi­te ga­raş­ly bo­lan Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ösüş tas­la­ma­la­ry­nyň sa­na­wy­na gir­ýär.
– «The Li­ne» at­ly tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­ny «Ne­om» kom­pa­ni­ýa­sy­na tab­şyr­ýa­ryn. 95 gö­te­ri­mi aras­sa te­bi­gat­dan yba­rat bo­ljak şä­he­riň aw­tou­lag­lar­dan hem-de ug­le­rod zy­ňyn­dy­la­ryn­dan azat bo­lar. Biz bu şä­he­ri gel­je­giň şä­he­ri­ne öwür­me­li­di­ris – di­ýip, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mi­ras­dü­şer şa­za­da­sy Mu­ham­met ben Sal­man Al Sa­ud aýt­dy.
«Şä­he­riň için­de elekt­rou­lag­lar he­re­ket eder. «The Li­ne» köp san­ly se­ýil­gäh­ler­den we te­bi­gy land­şaft­lar­dan yba­rat uly şä­her bo­lar. Bu şä­her XXI asyr­da we on­dan soň­ky dö­wür­ler­de şä­her di­zaý­ny­nyň we onuň te­bi­gat bi­len saz­la­şy­gy­nyň my­sa­ly bol­ma­ly­dyr» diý­lip, Neo­myň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar.
«The Li­ne»-yň gur­lu­şyk iş­le­ri şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de baş­lar we ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­me­gi mak­sat edin­ýän Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Döw­let ma­ýa go­ýum gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ri­ler. Met­bu­gat be­ýa­na­ty­na gö­rä, «Ne­om» tas­la­ma­sy 380 müň iş ýe­ri­ni dö­re­dip, 2030-njy ýy­la çen­li je­mi içer­ki önü­me 48 mil­liard dol­lar gir­de­ji ge­ti­rer.