Por­tu­ga­li­ýa­nyň Por­tu şä­he­ri ýa­şa­mak üçin amat­ly­ly­gy taý­dan «Small Cities In­dex»-iň sa­na­wyn­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Bir ýyl­dan soň Por­tu şä­he­ri do­ku­zyn­jy orun­dan bi­rin­ji or­na çyk­dy. Bu, il­kin­ji no­bat­da, ýer­li hä­ki­mi­ýet­le­riň te­le­ke­çi­le­re be­ren kö­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de bo­lup geç­di. My­sal üçin, sa­na­wyň aw­tor­la­ry şä­her hä­kim­li­gi­niň we hal­ka­ra di­zaýn jem­gy­ýet­le­ri­niň me­bel we beý­le­ki es­bap­la­ry ön­dür­ýän ki­çi fir­ma­la­ra we aý­ry-aý­ry se­net­çi­le­re uly gol­daw be­ren­di­gi­ni bel­le­di­ler. Mun­dan baş­ga-da, Por­tu ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan ösen se­bit­le­rin­den bi­ri­dir. Şol bir wag­tyň özün­de bu ýer­de amat­ly we ka­da­ly dur­muş do­wam edip, um­man­la­ryň ke­na­ry­na aň­sat bar­ma­ga ýa-da goň­şy Is­pa­ni­ýa ba­ryp gör­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di­len. Bu ýyl sa­na­wyň ikin­ji ýe­ri­ni Bel­gi­ýa­nyň Le­wen şä­he­ri eýe­län bol­sa, Ýa­po­ni­ýa­nyň Ito­si­ma şä­he­ri il­kin­ji üç­lü­ge gir­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň şä­her­le­ri­niň ara­syn­da Ita­li­ýa­nyň Bol­za­no we Da­ni­ýa­nyň Ol­borg şä­he­ri il­kin­ji on­lu­ga gir­di.
Bu sa­naw bri­tan žur­na­ly «Mo­nocle» ta­ra­pyn­dan dü­zül­di. Dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den 250 mü­ňe çen­li ila­ty bo­lan şä­her­le­re şu ugur­lar bo­ýun­ça ba­ha be­ril­di: şä­he­riň ulag el­ýe­ter­li­li­gi (my­sal üçin, sy­ýa­hat­çy­la­ryň ol ýe­re bar­yp gör­me­gi­niň aň­sat­ly­gy), do­lan­dy­ryş ne­ti­je­li­li­gi (şä­her hä­kim­li­gi­niň ýa­şaý­jy­la­ra ýar­da­my), ýa­şaý­jy­la­ryň «ýa­şyl» inf­rast­ruk­tu­ra gat­na­şy­gy (şä­her­dä­ki se­ýil­gäh­le­riň köp­lü­gi) we te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek üçin müm­kin­çi­lik­ler na­za­ra alyn­dy.