Portugaliýanyň häzirki lideri Marselo Rebelo di Souza Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Saýlawyň netijelerine görä, Rebelo di Souza 60,7 göterim sese eýe boldy. Ikinji orunda, saýlawçylaryň 12,9 göterimi tarapyndan goldanan Sosialistik partiýadan dalaşgär, ozalky ýewro wekil Anna Gomeş, üçünji orny sagçy partiýa “Chega!”-nyň lideri Andre Wentura eýeledi. Dalaşgärleriň galan bölegi 5 göterimden az ses aldy. Ýurtda prezident saýlawlary 24-nji ýanwarda geçirildi. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, saýlawyň birinji tapgyrynda 50 göterimden köp ses alan dalaşgär, onuň ikinji tapgyry bolmazdan ýeňiş gazanýar. Eger-de dalaşgärleriň hiç biri 50 göterimden köp ses alyp bilmese, saýlawyň ikinji tapgyry iň köp ses alan iki dalaşgäriň arasynda geçirilýär. Saýlawda Prezidentlige jemi ýedi adam dalaş etdi. Marselo Rebelo di Souza 2016-njy ýyldaky saýlawda ýeňiş gazanyp, bu wezipä  girişipdi. Rebelo Di Souza gazanan ýeňşinden soň saýlawçylara bildiren ynamlary üçin hoşallyk bildirdi we ozaly bilen, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşiň özi we tutuş ýurt üçin esasy wezipe hasaplaýandygyny aýtdy. Portugaliýanyň Prezidenti her bäş ýyldan bir gezek saýlanýar.