25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy, onuň şekil taslamasy, toplumyň baş girelgesiniň görnüşleriniň taslamalary, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän alabaýlaryň şekilleri, tomaşaçylar münberiniň görnüşleriniň, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, päsgelçilikleriň görnüşleriniň taslamalary we toplumyň desgalarynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gurulýan desgalaryň taslamalary taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine möhüm ähmiýet bermelidigini, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow baýramçylyk gününde geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň çäklerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi, degişli päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlar guralar.

Hormatly Prezidentimiz şanly sene mynasybetli alabaý itleriniň bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijini kesgitleýän eminler toparynyň döredilmeginiň, onuň düzüminde bu ugurda ýeterlik tejribesi we bilim derejesi bolan hünärmenleriň bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň alabaý itlerine bagyşlanan eserlerinden guralýan sergide alabaý itleriniň özboluşlylygy, wepadarlygy, gaýduwsyzlygy öz beýanyny tapmalydyr.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu jümlede alabaýlara mahsus häsiýetleriň jemlenendigini belledi.