Kanadanyň “BlackBerry” kompaniýasy Hytaýyň “Baidu” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Ylalaşygyň çäklerinde tehnologiýa kompaniýasynyň işläp taýýarlan QNX amaly ulgamy “Baidu”-nyň ýer kesgitleýji ulgamyna birikdiriler. Bu nawigasiýa ulgamy “GAC New Energy Aion” atly elektroulaglarda peýdalanylar. Öňki ýyllarda “BlackBerry” kompaniýasy iň ygtybarly smartfonlary öndürmegi bilen tanalýardy. Soňra bolsa bu kompaniýa Hytaýyň gözleg motory “Baidu” bilen hyzmatdaşlyk etdi. QNX atly amaly ulgamy “Baidu” awtonom ulag platformasy bolan “Apollo” bilen birleşdirlipdi. Ylalaşyga görä, Kanadanyň kompaniýasy “Baidu”-nyň programma üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem ýardam eder. Gözleg saýty bolan “Baidu” şol bir wagtyň özünde 1-nji we 2-nji derejeli awtonom ulaglar üçin täze çözgütleri hem işläp taýýarlaýar. Şeýle hem bu ulaglara ýokary durulykdaky nawigasiýa hyzmatlaryny hödürleýär.

Soňky ýyllarda mobil enjamlaryny öndürýän tehnologiýa kompaniýalary bilen köp ýyllardan bäri awtoulag öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk has hem artdy. Awtoulag öndürijileri ilkibaşda awtoulaglaryň içinde ses, güýmenje we aragatnaşyk ulgamlaryny ýerleşdirmek üçin tehnologiýa brendleri bilen hyzmatdaşlyk etdiler. Şeýlelikde, ulaglaryň içi ösen tehnologiýa bilen enjamlaşdyryldy. Soňlugy bilen howpsuzlygy üpjün edýän awtomatlaşdyrylan we daş töweregi synlaýan kamera, radar we lidar tehnologiýalary awtoulaglara ornaşdyrylyp başlandy.