Brendlere baha berýän halkara reýting edarasy bolan “Brand Finance” dünýäniň iň gymmat brendleriniň täze sanawyny taýýar etdi. Sanawa dürli ugurlarda iş alyp barýan jemi 500 kompaniýa girizildi. Sanawyň iň soňundaky kompaniýanyň bahasynyň 4 milliard dollardygy mälim edildi. Brend nyrhy 263,4 milliard dollar bolan “Apple” sanawyň başyny çekýär. Amerikan kompaniýasy geçen ýylky sanawda 141 milliard dollar bahasy bilen üçünji orna ýerleşipdi. “Global 500” atly sanawda jemi 204 amerikan firmasy bar. Hytaýyň 75, Ýaponiýanyň 34, Fransiýanyň 33, Germaniýanyň 22, Angliýanyň 19 kompaniýasy sanawa girizildi.
Sanawyň ikinji ornuny harytlary müşderileriň salgylaryna eltip bermek bilen meşgullanýan “Amazon” eýeledi. Onuň bahasyny 254 milliard 188 million dollardygy aýdylýar.
Belli gözleg saýty bilen tanalýan “Google” üçünji (191,215 milliard), Programma üpjünçiligini amala aşyrýan “Microsoft” dördünji (140,435 milliard), dürli elektron enjamlary we tehnikalary öndürýän “Samsung Group” (102,623 milliard) bäşinji ýeri eýeledi.
Sanawyň altynjy ornuny söwda merkezleri zynjyryny ýöredýän “Walmart” (93,185 milliard) eýeledi. “Facebook” ýedinji, “Industrial and Commercial Bank of China Limited” banky sekizinji, “Verizon” aragatnaşyk operatory dokuzynjy boldy. Ilkinji onlugyň soňky basgançagyny elektron tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýän “WeChat” hytaý kompaniýasy eýeledi.
Sanawyň ikinji onlugynda “China Construction Bank”, “Toyota”, “Mercedes Benz”, “Tencent”, “Huawei”, “State Grid”, “Ping An”, “Taobao”, “Agricultural Bank Of China” we “The Home Depot” ýaly awtoulag, bank we beýleki ugurlarda iş alyp barýan hususy kompaniýalar bar.