“Samsung” kompaniýasynyň orta derejeli smartfonlaryna degişli bolan “Samsung Galaxy A72” smartfonynyň käbir tehniki aýratynlyklary belli boldy. Mart aýynda müşderilere ýetirilmegine garaşylýan telefonda 5G aýratynlygynyň  bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem mobil enjam gysga  wagtda zarýad alýan tehnologiýa bilen üpjün ediler. Telefona bu ugurda Ýaponiýanyň “TÜV Rheinland” guramasy tarapyndan ygtybarlylygyny ykrar edýän şahadatnamasy gowşuryldy. Smartfon “Android 11” amaly ulgamynda işler we 8 GB RAM bilen üpjün ediler. Telefonyň ululygynyň  6,7 dýuým boljakdygy we “FHD+” durulygynda şekil hödürlejekdigi bellenilýär. AMOLED ekranly telefonyň selfi kamerasy 32 MP durulygynda surata alar. Şeýle hem ekranyň aşagynda barmagyň yzyny okaýan sensor we eýesini ýüzünden tanaýan tehnologiýa bolar.