“SSC Tuatara” atly ulag iň ýokary tizlikli ulag rekordyny täzeledi. Ulag bilen mundan ozal geçirilen iki synagda rekord tizlige ýetmek başartmandy. Ulanyşdan galan howa menzilinde geçirilen synagda ““Shelby SuperCars Tuatara” 508,7 kilometr/sagat tizlige ýetdi. Şeýlelikde, “SSC Tuatara” köpçülikleýin öndürilýän ulaglaryň iň ýokary tizliklisi boldy. Larri Çapliniň dolandyran ulagy iki tarapa sürüldi. Ulag günorta tarapa sürlende 460,4 kilometrlik, demirgazyga sürlende 450,1 kilometrlik tizlik hasaba alyndy. Şeýlelikde, ortaça tizlik 455,2 kilometre deň boldy. Ulag mundan ozal geçirilen synag sürüşinde 508,7 kilometr tizlik bilen hereket edipdi. Emma käbir sebäplere görä, ol hasap edilmändi. Bu tizlige ýetilmegi üçin ýene bir synag sürüşiniň geçiriljekdigi mälim edildi. “Shelby SuperCars” kompaniýasyna degişli bolan “Ultimate Aero” modeli bilen 2007-nji ýylda hem rekord goýlupdy. Şonda 412,22 km/sagat tizlik hasaba alnypdy.

Mundan ozalky rekord bolsa, 2017-nji ýylda goýlup, ortaça 447,2 km/sagat bolupdy. “Koenigsegg Agera RS” ulagyna degişli bolan rekordda iň ýokary tizlik 457 km/sagada ýetipdi.

“Bugatti” kompaniýasynyň “Chiron Super Sport 300+” ulagy 490,48 km/sagat bilen hereket edipdi. Emma Ginnesiň rekordlar kitabynyň şertlerine görä, rekordyň hasaba alynmagy üçin onuň iki taraplaýyn geçirilmegi talap edilýär.