Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni ýokary derejede bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem Diýarymyzda uly ruhubelentlik bilen bellenildi.
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Mejlisde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Mejlisiň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Permanlara gol çekdi, oňa laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy, şeýle hem olaryň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin harby gullukçylarymyzyň birnäçesine nobatdaky harby atlar dakyldy.
Harby gullukçylary harby atlar bilen sylaglamak dabarasy ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda merdana Watan goragçylary hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Dabaralara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary hakynda edýän aladasy, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, netijeli işlemekleri, ak ýürekli gulluk etmekleri we amatly dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça edýän toplumlaýyn işleri hem-de olaryň işine berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza mundan beýläk-de öz mukaddes borçlaryny wepaly ýerine ýetirjekdiklerine, Watanymyzyň beýik garaşsyzlygynyň gazananlaryny gorajakdyklaryna ynandyrdylar.