27-nji ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (YHG) Baş sek­re­ta­ry Ha­di So­leý­man­pur bi­len on­laýn gör­nü­şin­de du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
YHG-niň bin­ýa­dyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny hem-de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­la­şyp, du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar äh­lu­mu­my howp­lar ýag­da­ýyn­da gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy­lar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan se­bit­de söw­da-yk­dy­sa­dy, iri ulag we ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­nyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len çy­kyş edip, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň mak­sat­la­ry­na ýe­til­me­gi­ne düýp­li de­re­je­de ýar­dam ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka, ulag we ara­gat­na­şyk ýa­ly pu­dak­la­ry goş­mak bi­len, goň­şy Ow­ga­nys­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek­dä­ki iş­jeň or­ny mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da se­bit yk­dy­sa­dy go­şu­lyş­ma­gy­ny çuň­laş­dyr­mak­da giň hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ bel­le­nildi.

* * *

26-njy ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de türk­men-be­la­rus ge­ňeş­me­le­ri ge­çi­ril­di. Oňa Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Wla­di­mir Ma­keý gat­naş­dy.
Wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ryn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Şun­da dä­be öw­rü­len dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti aý­ra­tyn nyg­tal­dy.
Ge­ňeş­me­le­riň do­wa­myn­da BMG, ÝHHG, GDA ýa­ly ab­raý­ly se­bit we hal­ka­ra dü­züm­le­ri­niň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi bel­le­nil­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len GDA-da Bi­na­gär­lik we şä­her­gur­lu­şyk ýy­ly diý­lip yg­lan edi­len 2021-nji ýyl üçin göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň we tej­ri­be alyş­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­re­dil­di.
Gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça «Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da 2021-2022-nji ýyl­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na» gol çe­kil­di.