G7 topary ýurtlarynyň sammiti 11-nji iýundan 13-nji iýun aralygynda Angliýanyň günortasyndaky Kornuoll graflygynyň Karbis-beý şypahanasynda geçiriler. «G7 toparyna girýän ýurtlaryň Premýer-ministrleri we Prezidentleri iýun aýynda Kornuollda ýygnanyp, koronawirusa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekden başlap, meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar. Awstraliýa, Hindistan we Günorta Koreýa myhman ýurtlar hökmünde gatnaşmaga çagyrylýar» diýlip, beýanatda bellenilýär.
Duşuşyk «Uly ýediligiň» soňky iki ýylda ilkinji ýüzbe-ýüz sammiti bolar. G7 toparynyň düzümine Angliýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi girýär. Bu sammit ABŞ-nyň täze Prezidenti Jozef Baýden üçin ilkinji möhüm halkara çäre bolup biler.
«G7 sammitinde dünýäde açyklygy we gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen umumy gymmatlyklarymyz we diplomatik täsirimiz ulanylar» diýlip Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň beýanatynda bellenilýär.
Premýer-ministr Kornuollyň sammitiň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanmagyny deňiz kenaryndaky bu gözel ýeriň baý taryhy geçmişi, durnukly innowasiýalary durmuşa geçirmekdäki alyp barýan işleri, şeýle hem G7 toparynyň sammitiniň sebite getirjek ykdysady peýdalary bilen düşündirdi. Boris Jonson bu ýylyň Angliýa üçin möhüm ýyl boljakdygyny mälim etdi.
Fewral aýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklygy Angliýa geçer, soň bolsa bilim boýunça halkara maslahaty hem-de BMG-niň howa sammiti guralar.