– Hytaý 2035-nji ýyla çenli meteorologiýa boýunça uly ösüş gazanmagy maksat edinýär. Çünki 2016-2020-nji ýyllar aralygynda ýurtda meteorologik häsiýetli köp sanly wakalar boldy – diýip, Hytaýyň Meteorologiýa edarasynyň başlygy Çžan Gotaý aýdýar.
Soňky bäş ýylyň dowamynda Hytaý 70 müň ýerüsti gözegçilik merkezini, 216 radary we 7 hemrany öz içine alýan toplumlaýyn gözegçilik ulgamyny döretmek arkaly meteorologiýa pudagynda döwrebaplaşdyryşyň depginini düýpli ýokarlandyrdy. Ulgam ýurduň ähli sebitlerini öz içine alýar.
Mundan başga-da, «Zatlaryň interneti», «Uly maglumatlar» we «Emeli intellekt» ýaly täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, howa maglumatyny çaklamakda we maglumat bermekde yzygiderli ösüşler gazanyldy.
Çžan Gotaýyň aýtmagyna görä, şu ýyl Hytaý meteorologik radarlaryň täze neslini we ýerüsti esasly gözegçilik beketlerini ösdürmegi, ýene-de iki hemra uçurmagy, şeýle-de suw joşgunlaryny, geologik hadysalar we taýfunlar üçin duýduryş ulgamlaryny kämilleşdirmegi meýilleşdirýär.