Sürüjiler ulagyň tehniki hyzmatyna käbir düzedişleri wagtly-wagtynda girizip durmagy awtoulagyň ýangyç sarp edişini ep-esli azaltmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde olar pul tygşytlap bilerler. Häzirki wagtda dünýäde ýüze çykan syýasy çökgünligi aradan aýyrmagyň esasy ýoly tygşytlylygy öwrenmek, adam ýaşaýşyny we howpsuzlygyny goramakdyr. Awtoulaglary ýol herekediniň düzgünlerine laýyk we dogry dolandyrmak möhüm meseleleriň biri. Esasy zat hem, awtoulagyň dolanşygyndaky tygşytlylyk we howpsuzlyk. Awtoulag kadaly tizlikde ulanylan ýagdaýynda ulagyň esasy hereketlendirijisi ýangyjy tygşytly we howpsuz ulanyp, çökgünligi aradan aýyrmaga kömek edýär. Ýokary tizlik dürli betbagtçylyklaryň üstünden eltýär, şeýle-de esasy hereketlendirijiniň ýangyjy aşa köp sarp etmegine getirýär. Şeýle ýagdaýlarda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak hem-de tygşytlylygy kadaly ýagdaýda saklamak üçin ýörite hünärmenler tarapyndan berilýän maslahatlara eýermeli:
Adaty hyzmat: Gowy sazlanan hereketlendiriji ýangyç tygşytlylygyny üpjün edip biler, şonuň üçin teker basyşyňyzyň yzygiderli barlagyny üpjün etmek bilen her iki hepdeden gözegçilik etmelisiňiz.
Gysga syýahatlardan gaça durmaga synanyşyň: motoryňyzy gyzdyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ähli işleriňizi bir uly syýahata birleşdiriň. Birnäçe sagatlap saklanan sowuk hereketlendirijisi bolan awtoulag sürlende ilkinji bäş kilometre çenli aralykda has köp ýangyç sarp edilýär.
Motoryňyzy öçüriň: Bir ýerde nobata duranyňyzda ýa-da birine garaşanyňyzda ulagyňyzyň motoryny öçüriň. Şeýle etmek bilen hem ýangyç tygşytlanylýar.
Ýokary tizlikden gaça duruň: Käwagt işe gitmek üçin gijä galyp bilersiňiz ýa-da howa ýagdaýlarynyň üýtgemegi bilen (doňaklyklaryň emele gelmegi bilen) awtoulagy dolandyrmak mümkin bolman biler. Şeýle ýagdaý üçin iň oňat çözgüt, mümkin boldugyça, gyssagly hereketlerden gaça durmakdyr.
Sowadyjynyň ulanylyşyny azaltmak: Bu ýangyjy az sarp etmegiň ygtybarly usulydyr. Ýangyç harçlanmagynyň düýpli sebäpleriniň biri şondan ugur alýar.
Tizlik çägini saklaň: Ýokary tizlik dürli ýol betbagtçylyklary, köçe-ýol hereketleriniň kadasynyň bozulmagy bilen çäklenmän, has köp ýangyjyň harçlanmagyna hem getirýär.
Aerodinamika: Awtoulagy süreniňizde penjireleriňizi açmak aerodinamika we ýangyç tygşytlylygyna uly täsir edip biler.