Ýy­gy-ýy­gy­dan sy­ýa­hat et­me­giň we dür­li ýurt­la­ra aý­lan­ma­gyň iň go­wy ta­ra­py şol ýur­duň öz­bo­luş­ly ta­gam­la­ry­ny da­dyp gör­mek­dir. Esa­san hem, her ýur­da mah­sus süý­jü­lik­le­ri we de­sert­le­ri da­dyp gör­mek has lez­zet­li bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da gast­ro­no­mik sy­ýa­hat sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň iň meş­hu­ry­na öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da bir ta­ga­my, de­ser­ti ýa-da süý­jü­li­gi iý­mek üçin bir­nä­çe ki­lome­tre çenli ýol ge­çip, baş­ga ýurt­la­ra bar­ýan­la­ryň sa­ny ep-es­li art­dy. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da her ýur­da mah­sus meş­hur de­sert­ler we süý­jü­lik­ler bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

Mo­çi, Ýa­po­ni­ýa. Ýa­pon­la­ryň meş­hur de­ser­ti bo­lan mo­çi tü­wü­den taý­ýar­la­nyl­ýar. Ow­nuk dä­ne­li tü­wi 8-12 sa­gat­lap suw­da go­ýul­ýar. Soň­ra su­wa çi­şen tü­wi 30-45 mi­nut­lap bug­la­nyp bi­şi­ril­ýär we agaç çe­kiç ýa-da ýö­ri­te en­jam ar­ka­ly ha­myr bol­ýan­ça ýen­jil­ýär. Taý­ýar bo­lan tü­wi ha­my­ry­na ýe­ral­ma ýa-da mek­ge­jö­wen krah­ma­ly se­pi­lip, ha­ýal ot­da go­ýy ha­la gel­ýän­çä 1-2 mi­nut ga­ryş­dy­ryl­ýar. Soň­ra dür­li şe­kil­li bö­lek­le­re bö­lüp, içi­ne gy­zyl noý­ba ez­me­si, mi­we ýa-da süý­ji iý­mit­ler sal­nyp do­lan­ýar. Ýa­po­ni­ýa­da bu süý­jü­lik, esa­san, mo­çit­su­ki at­ly da­ba­ra­da taý­ýar­la­nyl­ýar.
Ýa­pyş­ýan iris­li pu­ding (Sticky tof­fee pud­ding), Ang­li­ýa. Süý­ji hur­ma­la­ry ow­nuk dog­rap, gaý­nag suw­da ýum­şat­ma­ly. Soň­ra un, ýag, şe­ker we ýu­murt­ga go­şup, ha­myr taý­ýar­la­ma­ly. Ha­myr­dan dür­li şe­kil­le­ri ýa­sap, ho­wur­peç­de üs­ti gü­ber­çek­li keks­le­ri bi­şir­me­li. Keks­le­riň üs­tü­ne iris (go­ňur şe­ker­den taý­ýar­la­nan ýag­ly iris) guý­ma­ly. Iň­lis­le­riň bu süý­jü­li­gi to­ga­lak wa­nil doň­dur­ma­sy ýa-da pu­ding bi­len bi­le­lik­de hö­dür edilýär.
Çur­ros, Is­pa­ni­ýa. Is­pan­lar er­tir­lik na­ha­ryn­da çur­ros iý­me­gi ha­la­ýar­lar. Ýag­da gy­zar­dy­lyp gow­rul­ýan uzyn ha­myr ta­ýa­jyk­la­ry gyz­gyn wag­ty dal­çyn­ly şe­ker kül­ke­si­ne bu­lan­ýar. Da­şy ki­bir­de­wük, içi ýum­şak ha­myr ta­ýa­jyk­la­ry ko­fe ýa-da gyz­gyn şo­ko­lad bi­len bi­le­lik­de iýil­ýär.
Paş­tel-de-na­ta, Por­tu­ga­li­ýa. Por­tu­gal­la­ryň iň meş­hur de­ser­ti bo­lan we Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ryn­da dur­mu­şyň süý­ji tä­si­ri­ni dö­red­ýän na­ta ki­çi­jik çu­kur ga­ba gat­la­nan ha­myr ýa­zy­lyp, içi­ne süýt, şe­ker­li li­mon şer­be­ti, un we ýu­murt­ga­nyň sa­ry­sy go­şu­lyp taý­ýar­la­nan krem gu­ýul­ýar. 245-290°C gyz­gyn­lyk­da 8-12 mi­nut ho­wur­peç­de sak­la­nan­dan soň, taý­ýar bo­lan gyz­gylt süý­jü­li­giň üs­tü­ne dal­çyn we şe­ker kül­ke­si se­pil­ýär. Gat­la­nan ha­myr­ly bu süý­jü­li­ge dün­ýä­de uly is­leg bil­di­ril­ýär.
Krem-brýu­le, Fran­si­ýa. Fran­suz di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «ýa­ky­lan gaý­mak» di­ýen ma­ny­ny ber­ýän bu de­sert gaý­mak­dan, ýu­murt­ga­nyň sa­ry­syn­dan we ka­ra­mel­leş­di­ri­len şe­ker­den taý­ýar­la­nyl­ýar. Ýü­zi ýu­ka­jyk ka­ra­mel gat­lak­ly bu de­sert çem­çe bi­len ur­lan­da şyr­kyl­dap dö­wül­ýär. So­wuk­ly­gy­na iýil­ýän krem-brýu­le­niň nä­zik ta­ga­my bar. Süý­jü­li­gi taý­ýar­la­mak üçin ke­ra­mik gap­lar, ýo­ka­ry gyz­gyn­lyk­da­ky peç we ýö­ri­te ot­ly gu­ral (go­rel­ka) ge­rek bol­ýar.
Ti­ra­mi­su, Ita­li­ýa. Ma­ka­ron we piz­za­dan soň, Ita­li­ýa­nyň iň meş­hur ta­ga­mlarynyň biri hem ti­ra­mi­su­dy­r. De­ser­ti taý­ýar­la­mak üçin il­ki bi­len la­dy­fin­ger kö­ke­le­ri ko­fe ba­ty­ry­lyp go­ýul­ýar. Soň­ra ezi­len kö­ke­le­riň ara­sy­na mas­kar­po­ne peý­ni­ri, ýu­murt­ga­nyň sa­ry­sy we şe­ker go­şu­lyp taý­ýar­la­nan go­ýy krem ça­lyn­ýar. Gat­lak-gat­lak edi­lip ýer­leş­di­ril­ýän süý­jü­li­giň ara­sy­na ma­li­na ýa-da ýer­tu­da­na hem go­ýul­ýar. 4 sa­gat tö­we­re­gi so­wa­dy­jy­da sak­la­nan nus­ga­wy ital­ýan süý­jü­li­gi­niň üs­tü­ne ka­kao kül­ke­si se­pi­lip, hö­dür edil­ýär.
Bu­gat­sa, Gre­si­ýa. Grek de­ser­ti Sa­lo­ni­ki se­bi­tin­de iki gör­nüş­de – duz­ly we süý­ji gör­nüş­de taý­ýar­la­nyl­ýar. Iki gör­nü­şi hem örän meş­hur bo­lan bu süý­jü­li­gi taý­ýar­la­mak üçin ýu­ka­jyk ýa­ýy­lan ha­myr, mes­ge, süýt, man­na ýar­ma­sy, şe­ker, ýu­murt­ga, wa­nil we şe­ker kül­ke­si ge­rek. Ýu­ka­jyk ha­my­ryň ara­sy­na krem çal­nyp, to­ga­la­nan­dan soň, dört­burç bö­lek­le­re ke­sil­ýär we ho­wur­pe­je go­ýul­ýar. Ýü­zi ki­bir­de­wük gör­nü­şe ge­len­den soň, üs­tü­ne şe­ker kül­ke­si se­pi­lip, hö­dür edil­ýär.
Ga­raş tor­ty, Bol­ga­ri­ýa. Bol­gar­la­ryň iň meş­hur süý­jü­li­gi bo­lan ga­raş tor­ty şo­ko­lad ha­la­ýan­la­ryň uly is­leg bil­dir­ýän de­sert­le­ri­niň bi­ri­dir. Ga­raş tor­ty hoz bi­len ýu­murt­ga­nyň agyn­dan taý­ýar­la­nan ha­my­ra meň­zeş 5 sa­ny ýu­ka gat­la­gyň ara­sy­na şo­ko­lad ör­tü­gi çal­nyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Un go­şul­maz­dan taý­ýar­la­n­ýan bu süý­jü­lik 1885-nji ýyl­da oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Il­ki­baş­da da­ba­ra­ly ka­bul ediş­lik­ler­de hö­dür edi­len bu de­sert hä­zir­ki wagt­da Bol­ga­ri­ýa­nyň nus­ga­wy önüm­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.
Ga­ra to­kaý tor­ty (Schwarz­wäl­der Kirschtor­te), Ger­ma­ni­ýa. 1930-njy ýyl­dan bä­ri Ger­ma­ni­ýa­da ha­la­nyp iýil­ýän süý­jü­lik­le­riň bi­ri bo­lan ga­ra to­kaý tor­ty şo­ko­lad­ly bisk­wit gat­lak­la­ryň ara­sy­na çi­gi­di aý­ry­lan ül­je­ler, gaý­mak we çe­reşn­ýa şer­be­ti çal­nyp taý­ýar­la­nyl­ýar. De­ser­tiň da­şy­na ga­ra şo­ko­lad bö­le­jik­le­ri ýel­meş­di­ri­lip, üs­tü­ne ak krem we ter ül­je­ler go­ýul­ýar. Da­şyn­dan to­ka­ýa meň­ze­ýän bu süý­jü­lik gyş pas­lyn­da has köp iýil­ýär.
Bak­la­wa, Tür­ki­ýe. Türk­le­riň dün­ýä bel­li süý­jü­li­gi bo­lan bak­la­wa ýu­ka­jyk ýa­ýy­lan ha­my­ryň ara­sy­na owradylan pis­se se­pi­lip, ýag ça­lyp do­la­mak ar­ka­ly taý­ýar­la­n­ýar. Dört­burç gör­nüş­de ke­si­len bö­lek­le­riň üs­tü­ne ere­di­len mes­ge guý­lup, 1 sa­gat­lap ho­wur­peç­de al­tyn­sow-go­ňur reň­ke öw­rül­ýän­çä bi­şi­ril­ýär. Gyz­gyn bak­la­wa­nyň üs­tü­ne li­mon tur­şu­sy sy­ky­lan şe­ker­li suw guý­lup, soň­ra hö­dür edil­ýär. Ýo­kum­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu süý­jü­lik ýö­ri­te dü­kan­lar­da hem sa­tyl­ýar.