Alym­lar haý­sy ýaş­da dil öw­ren­me­giň has aň­sat bol­ýan­dy­gy bi­len bag­ly ge­çi­ren bar­lag­la­ryn­da ça­ga­la­ryň dil öw­ren­mek aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bel­lenilişine gö­rä, dil öw­ren­mek­de uly adam­lar bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da beý­ni­si­niň ösü­şi hem-de öw­re­niş usul­la­ry bi­len bag­ly düýp­li ta­pa­wut­lar bar. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­mek ça­ga­nyň di­ňe söz baý­ly­gy­ny art­dyr­man, eý­sem, beý­ni­siniň gur­lu­şy­ny we pi­kir­le­ni­şi­ni hem üýt­ged­ýär.
Alym­lar ýaş ça­ga­la­ryň dil öw­ren­män, gö­ni al­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ça­ga­lar baş­ga dil­dä­ki söz­le­ri we düz­gün­le­ri ýat­da sak­la­ma­ýar­lar, olar daş-tö­we­re­gi­ni diň­le­ýär­ler, dü­şün­mez­den ozal dü­şü­nip baş­la­ýar­lar. Bu ýag­daý ça­ga­lyk­da beý­ni­de neý­ron bag­la­ny­şy­gy­nyň çalt dö­re­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Bu dö­wür­de beý­ni her bir tä­ze se­si ýa-da sö­zi mag­nit ýa­ly özü­ne çe­kip al­ýar.
Lon­don­da iki dil­li mek­de­be çen­li ça­ga­lar ba­gyn­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ça­ga­la­ryň ýal­ňyş­maz­dan bir dil­den beý­le­ki di­le ge­çip bil­ýän­di­gi, ýag­ny söz­le­ri dürs aý­dyp, dog­ry söz­lem dü­züp bil­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Hü­när­men­ler mu­ny «te­bi­gy usul­da öw­ren­mek» di­ýip at­lan­dyr­dy­lar. Ýag­ny ça­ga­lar baş­ga di­li bil­mez­den, te­bi­gy ýag­daý­da öw­ren­ýär­ler.
Get uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Eleo­no­ra Smal­le ça­ga­la­ryň da­şa­ry ýurt di­li­ni 12 ýa­şa çen­li has çalt öw­ren­ýän­di­gi­ni, ýet­gin­jek­lik döw­rün­de dil öw­re­ni­şiň tiz­li­gi­niň ha­ýal­lap baş­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. 12 ýaş­dan soň­ra ýet­gin­jek­ler­de «aň­ly öw­re­niş» ul­ga­my iş­jeň­le­şip baş­la­ýar. Bu dö­wür­de ça­ga­lar baş­ga di­li bil­mez­den däl-de, ma­ny­sy­na dü­şü­nip öw­ren­ýär­ler.
Uly ýaş­ly adam­lar tä­ze dil öw­re­nen­le­rin­de köp­lenç ter­ji­me ýal­ňyş­lyk­la­ry­na we dil­dä­ki ka­da­la­ryň bu­laş­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­jek ene di­li­niň nus­ga­la­ry­na bil bag­la­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, söz­le­ri ýat­da sak­la­mak­da ýa-da söz­lem düz­mek­de kyn­çy­lyk çek­ýär­ler. Em­ma ça­ga­lar tä­ze söz­le­ri öw­re­nen­le­rin­de ony öz gep­le­şi­gi­ne or­naş­dy­ryp, he­mi­şe­lik ýat­da sak­la­ýar­lar.
Hü­när­men­ler ça­ga­la­ryň 3 ýa­şyn­dan soň da­şa­ry ýurt di­li bi­len tan­şyp bil­jek­di­gi­ni, 6-10 ýaş ara­ly­gy baş­ga dil­de er­kin gep­le­me­giň we öw­ren­me­giň wag­ty­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bu ýaş­da ça­ga­lar di­ňe söz­le­ri öw­ren­mek bi­len çäk­len­män, söz­le­re ba­sy­my dog­ry goý­ma­gy we söz­le­mi dog­ry äheň­de aýt­ma­gy ba­şar­ýar­lar. Şeý­le hem şol dil­dä­ki gep­le­ýiş ähe­ňi­ne öý­kün­ýär­ler.
Ge­çi­ri­len baş­ga bir bar­lag­lar­da iki we on­dan köp dil bil­ýän ça­ga­la­ryň has akyl­ly hem-de ugur­ta­py­jy bol­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Mu­nuň se­bä­bi beý­ni­niň ösü­şi we öw­re­ni­len di­liň me­de­ni­ýe­ti bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Çi­ka­go uni­wer­si­te­ti­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, köp dil bil­ýän ça­ga­lar deň-duş­la­ry­nyň emo­sio­nal ýag­da­ýy­na we özü­ni alyp bar­şy­na has ta­kyk ba­ha be­rip bil­ýär­ler. Ça­ga­la­ryň tä­ze dil öw­ren­me­gi di­ňe ara­gat­na­şy­gy ber­kit­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, duý­gu­daş­ly­gy hem güýç­len­dir­ýär.