Soňky ýyllarda howanyň özgermegi bilen bagly buzluklaryň ereýändigi aýdylýar. Bu ýagdaý tebigatyň hem özgermegine getirýär. Ýer ýüzünde Antarktidada, Dag depelerinde we demirgazyga golaý ýerlerdäki adalaryň ýüzünde müňlerçe ýyldan bäri eremän duran buz gatlaklary bar. Soňky geçirilen barlaglara görä, her ýylda 1,2 trillion tonna buzuň ereýändigi anyklandy. “The Cryosphere” žurnalynda çap edilen ylmy makalada 1994-nji ýyldan 2017-nji ýyl aralygynda 28 trillion tonna buz eräpdir. Olaryň üçden ikisi howanyň maýlamagy, üçden biri deňiz suwunyň ýylamagy netijesinde eräpdir. Tomas Slateriň ýazan makalasynda 1990-njy ýyllarda ýylda ortaça, 0,8 trillion tonna buz ereýändigi, emma bu görkezijiniň 2017-nji ýyla çenli 1,2 trillion tonna ýetendigi bellenilýär. Aslynda, buz gatlagynyň eremegi tebigatda adaty hadysa. Buz gatlaklary her ýyl howanyň yssy wagty eräp, sowukda gaýtadan doňýar. Emma buzluklaryň gyşyna doňýan meýdany barha azalýar. NASA tarapyndan Grenlandiýada geçirilen barlagda 74 sany iri buzlugyň kiçelýändigi ýüze çykaryldy.