Madagaskaryň demirgazygynda dünýäniň iň kiçi süýreniji jandary tapyldy. Oňa “Brookesia nana” diýip at berdiler. Jandaryň boýy bary-ýogy 13,5 millimetr. Madagaskar baý tebigaty we ekoulgamy bilen tapawutlanýar. Hindi ummanyndaky ada endemiki ösümlikleriň we jandarlaryň hem ýüzlerçesi gabat gelýär. Tebigaty öwrenijiler her ýyl diýen ýaly bu ýerden ylym dünýäsine mälim bolmadyk jandarlaryň üstüni açýarlar. “Brookesia nana” atly jandaryň hameleonlaryň bir görnüşidigi anyklandy. Emma bu jandar beýleki garyndaşlaryndan aşa kiçi. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bu jandaryň erkeginiň 22 millimetre çenli ösüp bilýändigi ýüze çykaryldy. Şeýle hem geçirilen barlaglaryň netijesinde bu jandarlar ýaşaýan gurşawynda gizlenmek üçin ýygrylyp, bedenlerini kiçeldip bilýärler. Ylmy topara ýolbaşçylyk edýän Jörn Köhler “Brookesia nana”-nyň iň ýakyn “garyndaşynyň” “Brookesia karchei” atly görnüşdigini belleýär. “Brookesia karchei”-leriň täze tapylan jandardan iki esse uludygy bellenildi.