Meşhur aktrisa hem aýdymçy Jennifer Lopez “Netflix”-iň önümi “The Mother” atly filmde baş keşpde surata düşer. Tanymal aktrisa filme prodýuserlik hem eder. Filme kimiň režissýorlyk etjekdigi häzirlikçe anyk belli bolmasa-da, “Mulan” kinosy surata düşüren Niki Karonyň kameranyň arkasyna geçmegine garaşylýar. Lopeziň ozal taşlan gyzyny goramak üçin edýän tagallasy baradaky “action” görnüşli kinonyň ssenarisini Mişa Grin bilen Andrea Berloff ýazar.