Uçýan awtoulaglary işläp taýýarlamak barada birnäçe ýyldan bäri işlenilýär. Nusgalyk görnüşde uçýan ulagyň çykanyna 10 ýyldan hem köp wagt geçdi. Birküç ýyldan bäri bolsa, şeýle ulaglar ýörite meýdançalarda we şäher ýerlerinde synagdan geçirilýär. Ýük daşamaga niýetlenen kiçi görnüşli uçýan enjamlarynyň sany bolsa has köp. “GKN Aerospace” atly kompaniýa bolsa, 30-50 orunlyk uçýan ulaglary işläp taýýarlaýar. Merkezi edarasy Angliýada ýerleşýän kompaniýanyň “Skybus” atly awtobusynyň dikligine uçup hem gonup biljekdigi aýdylýar. Gysga aralyga uçmaga niýetlenen awtobus şäher içi ýolagçy gatnawynda täze çözgüdi hödürlär. Bilermenler ýol dyknyşygyny azaltjak bu çözgüdiň arzan bahaly boljakdygyna ünsi çekýärler. Entek nusgalyk görnüşde taýýarlanan taslamany taýýarlamak üçin “Global Technology”, “Swanson”, “Pascal+Watson” we “Connected Places Carapult” ýaly birnäçe kompaniýa  hyzmatdaşlyk edýär. Bu awobuslaryň esasan içinden kanal geçýän şäherlerde ulanylmagy göz öňünde tutulýar.