Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de, hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ba­bat­da ýur­du­my­zyň baý ýer­li çig mal­la­ry­ny ulan­mak bi­len döw­re­bap önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi bol­sa, türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da çig mal­la­ryň gaý­ta­dan iş­le­nil­ýän hem-de baý­laş­dy­ryl­ýan gör­nüş­le­ri­niň möç­be­ri bar­ha art­ýar. Şun­luk­da, mi­ne­ral dö­kün­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­me­giň ha­sa­by­na hi­mi­ýa pu­da­gy hem tä­ze ösüş be­lent­lik­le­ri­ne bar­ýar.
Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek we öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da hi­mi­ýa se­na­ga­ty­na hem uly orun de­giş­li­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Preziden­ti­miz ta­ra­pyn­dan «Türk­me­nis­tan­da hi­mi­ýa yl­my­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­» tas­syk­lan­dy. Mak­sat­na­ma­nyň baş mak­sa­dy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li ul­gam­la­ryn­da öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ri­len­de, yl­myň eýe­le­ýän or­nu­ny art­dyr­mak­dan, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek­de hi­mi­ýa yl­my­nyň müm­kin­çi­li­gi­ni peý­da­lan­mak­dan, tä­ze­çil we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­mak bi­len, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Şol mak­sat­na­ma esa­syn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da iş­jeň­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hi­mi­ýa ins­ti­tu­tyn­da ýaş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hu­su­san-da azot, ka­liý dö­kün­le­ri­ni, ka­us­tik so­da­ny, kü­kürt kis­lo­ta­sy­ny, am­mo­niý sul­fa­ty­ny, te­bi­gy kü­kür­di, teh­ni­ki ýo­dy, brom­ly de­mi­ri, re­zin-teh­ni­ki önüm­le­ri, lak–reňk ma­te­ri­al­la­ry, se­ment we beý­le­ki wa­jyp önüm­le­ri al­mak­ly­gyň tä­ze kuw­wat­lyk­la­ry dö­re­di­lýär we döw­re­bap­laş­dy­ry­lýar. Ýo­ka­ry de­re­je­de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan we komp­ýu­ter­leş­di­ri­len bu önüm­çi­lik­ler iň öň­de­ba­ry­jy hä­zir­ki za­man til­si­mat­la­ry we en­jam­la­ry bi­len ab­zal­laş­dy­ryl­dy. Ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­tin­de ýod-brom, Ga­ra­bo­ga­zyň te­bi­gy duz­la­ry­ny, Mag­dan­ly­nyň ka­liý, se­les­tin we beý­le­ki mag­dan­la­ry­ny has do­ly we top­lum­la­ýyn gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça hem de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­ýar.
Şeý­le hem gel­jek­de hi­mi­ýa yl­my­nyň we tä­ze hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üs­ti bi­len eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan hem-de dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­me­giň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp düz­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa ul­ga­my­nyň bi­ler­men­le­ri ga­lyn­dy­syz we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­çi­li­giň al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri­ni öw­ren­mek bi­len, ýur­du­my­zyň der­man se­na­ga­ty­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar­lar, im­por­tyň möç­ber­le­ri­ni azalt­mak hem-de eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­mak mak­sa­dy bi­len ýer­li se­riş­de­le­riň esa­syn­da tä­ze se­riş­de­le­riň üs­tün­de iş­le­ýär­ler.
Ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny hal­ka­ra de­re­je­de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, döw­let ta­ra­pyn­dan uly se­riş­de­ler goý­be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň dür­li ýer­le­rin­de hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän döw­re­bap kär­ha­na­lar yzy­gi­der­li gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Olar­da dün­ýä­niň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ar­ka­ly pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Şeý­le hem hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni we çig ma­ly ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na­la­ry gur­mak we ola­ryň işi­ni ýo­la goý­mak, te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
«Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry bo­lan hem-de döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan Türk­me­na­bat­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň, «Te­jen­kar­ba­mid», «Ma­ry­kar­ba­mid», «Ha­zar» hi­mi­ýa, «Bal­ka­na­bat» we «Be­re­ket» ýod za­wod­la­ry­nyň, «Guw­ly­duz» kom­bi­na­ty­nyň, «Ma­rya­zot» hem-de «Ga­ra­bo­gaz­sul­fat» önüm­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň, Gar­lyk ka­liý dag-mag­dan top­lu­my­nyň we «Dö­kün­hi­mi­ýa» kär­ha­na­sy­nyň iş­gär­le­ri ýo­ka­ry önüm­çi­lik ne­ti­je­le­ri­ni ga­zan­ýar­lar.

Nur­gö­zel ÝA­ZY­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.