Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mak­sa­dy bi­len dün­ýä de­re­je­sin­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek üçin tä­ze hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu ba­ra­da ni­der­land hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş bo­ýun­ça gu­ra­lan wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa gör­nü­şin­dä­ki sam­mit­de:
– Dün­ýä­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup geç­ýän wa­ka­lar yn­san­la­ryň dur­mu­şy­na we yk­dy­sa­dy­ýe­te düýp­li tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bu bi­ziň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­niň öňü­ni al­mak­da ta­gal­la­la­ry­my­zy bi­rik­dir­me­li­di­gi­mi­zi aň­lad­ýar. Iş­jeň he­re­ket edip öňün­den ala­da­lan­ma­ly, çün­ki hä­zir­ki ýag­daý­da do­wam ed­ýän üýt­geş­me­ler on­çak­ly çyk­da­jy­ly bol­maz, ýö­ne biz 2021-nji ýyl­da eli­mi­zi gow­şu­ryp otur­sak, 2030-njy ýy­la çen­li di­ňe ös­ýän ýurt­la­ryň ho­wa bi­len bag­ly eme­le ge­len ýag­daýlar üçin çyk­da­jy­la­ry­nyň 300 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­jak­dy­gy­ny çak­la­saň bo­lar. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­ge Bang­la­deş, Mü­sür, Ma­la­wi, Ni­der­land­lar, Sent-Lu­si­ýa hem-de BMG gi­rer. Bu bi­le­le­şik işe­wür to­par­la­ryň, alym­la­ryň we ra­ýat jem­gy­ýe­tleri­niň tej­ri­be­si­ne da­ýa­nar – di­ýip, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň prem­ýer-mi­nist­ri Bo­ris Jon­son bel­le­di.
Glo­bal ýy­ly­ly­gyň ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş me­se­le­si Bo­ris Jon­so­nyň hö­kü­me­ti­niň ile­ri tut­ýan me­se­le­le­ri­niň bi­ri­dir. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa 75 döw­le­tiň we hö­kü­me­tiň baş­tu­ta­ny­nyň, kom­pa­ni­ýa­la­ryň we ra­ýat jem­gy­ýet­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­na­şan «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri bi­len gö­reş ba­ra­da­ky uly sam­mi­ti­ne» ýol­baş­çy­lyk et­di. Şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da bu ýurt Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ni pe­selt­mek ba­ra­da­ky çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­naş­ýan ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň (COP-26) 26-njy mas­la­ha­ty­ny ge­çi­rer.
Bri­tan hö­kü­me­ti 2050-nji ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry nol de­re­jä çen­li azalt­mak ba­ra­da­ky ägirt uly mak­sa­da ýet­mä­ge ça­lyş­ýar. Hä­ki­mi­ýet «Net Ze­ro» at­ly mak­sat­na­ma bi­len 2019-njy ýyl­da ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça baş mak­sa­dy­ny kes­git­le­di. Ko­rol­ly­gyň kem-kem­den şeý­le önüm­çi­lik usul­la­ry­na we at­mos­fe­ra goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň yzy­gi­der­li azal­ma­gy­na ýar­dam ber­jek dur­muş iş­jeň­li­gi­ne geç­jek­di­gi çak edil­ýär.