Dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar. Ýaponiýada bu görkeziji 92 göterime deň. Şeýle ýagdaýda häkimiýetler we alymlar durnukly we howpsuz ösüş ýörelgelerine esaslanyp, şäher durmuşynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmegiň usullaryny gözleýärler.
Ýaponiýanyň Kanagawa profekturasynyň Fudzisawa şäheriniň durnukly ösýän «Sustainable Smart Town» (Durnukly akylly şäher) etraby uzak geljege niýetlenendir. 2 müňden gowrak ilaty bolan bu etrapda her bir jaý Gün panelleri we akylly gözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan bolup, bu ýerde energiýa sarp edilişine hem gözegçilik edip bolýar.
Ýerli ýaşaýjylar, howa goýberilýän kömürturşy gazyny azaltmak maksady bilen, welosipedleri ýa-da elektoulaglary ulanandyklary üçin sylaglanylýar. «Ýaşyl» tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylýan bu «akylly» etrapda ýaşaýjylaryň rahatlygy üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Şäherçäni işläp düzüjiler energiýa sarp edilişinden başlap, howpsuz gatnaw, saglygy goraýyş, adatdan daşary tebigy ýagdaýlardan goranmak ýaly ähli ýagdaýlary göz öňünde tutup, ýüz ýyllyk infrastrukturany meýilleşdirdiler.
– Etrapda durnuklylygy üpjün etmek üçin ekologik we energiýa maksatnamalaryny kesgitledik. Olar howa goýberilýän CO2 zyňyndylaryny azaltmak, suwy tygşytlamak, täzelenýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen baglanyşykly. Iň esasy zat bolsa, tebigy hadysalar ýüze çykan halatynda ony haýal etmän dikeltmek meýilnamasyny taýýarladyk. Bu şäher ätiýaçlyk elektrik energiýasy bilen üç günläp özüni doly üpjün edip bilýär – diýip, «CRE Development Group»-yň işgäri Arakawa Tekeşi belleýär. Taslamany amala aşyrmaga 18 kompaniýa gatnaşyp, onuň sebitde we dünýäde nusgalyk etrapdygy bellenilýär.
Bu ýer litiý-ion batareýalaryň, Gün panelleriň we zerur halatynda gaz bilen işleýän generatorlaryň sany boýunça ýurduň iň uly energiýa merkezi hasaplanýar. Energiýa üpjünçiligine täzeçe çemeleşme iň ýokary energiýa sarp edilişini dört esse azaldýar. Häzirki wagtda Ýaponiýa hökümet tarapyndan başy başlanan «Society 5.0» maksatnamasy esasynda akylly şäherçeleri gurýar. Onuň esasynda adamyň eşreti üçin niýetlenen «akylly» şäherleri ösdürmek boýunça maksatnama aýratyn orun alýar. Bu ýerde diňe bir täze tehnologiýalar ornaşdyrylman, eýsem, ýaşaýjylaryň özüni bagtly duýup biljek giňişliginiň döredilýändigi bellenilýär.