«Tesla Inc» kompaniýasynyň başlygy Ilon Mask howa goýberilýän kömürturşy gazyny tutmak üçin iň oňat tehnologiýany işläp düzenlere 100 million dollar möçberinde baýrak berjekdigini habar berdi. Mask howadaky uglerody tutmak arkaly global ýylylyk meselelerini aradan aýyrmak üçin tehnologiýalary işläp düzmäge birnäçe gezek çagyryş etdi.
Global ýylylyga sebäp bolýan zyýanly gazlary tutmak howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek boýunça meýilnamalaryň möhüm bölegine öwrülýär. Şu güne çenli bu tehnologiýada gaty az öňegidişlik gazanylyp, tagallalar howadaky uglerody aýyrman, diňe zyňyndylary azaltmaga gönükdirildi. Halkara energetika guramasy geçen ýylyň ahyrynda dünýä ýurtlarynyň howa goýberilýän kömürturşy gazynyň nol maksatlaryna ýetmek üçin uglerod tutujy tehnologiýalaryň zerurdygyny mälim etdi.
Mask ilkinji gezek «PayPal Holdings Inc.» internet boýunça töleg kompaniýasy bilen tanaldy. Indi ol «SpaceX» we «Tesla» ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçysydyr. Ol «Tesla»-dan başga-da, adam beýnisini kompýuterlere birikdirmek üçin has ýokary hyzmat ediş mümkinçilikli interfeýs – beýni maşynlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýan «Neuralink» kompaniýasyna hem ýolbaşçylyk edýär.
ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça alyp barýan ägirt uly meýilnamasynyň çäklerinde uglerod tutmak üçin niýetlenilýän tehnologiýalaryň işläp düzülmeginiň çaltlandyrylmagynyň möhümdigini aýtdy.