Dün­ýä­de 8 mil­li­ar­da go­laý ilat bo­lup, olar 6 müň­den gow­rak dil­de gep­leş­ýär­ler. Şeý­le-de bol­sa, dün­ýä ila­ty­nyň ýa­ry­sy 15 dil­de gep­leş­ýär. Ene di­li hök­mün­de iň köp gür­le­şil­ýän dil Hy­taý­da­ky man­da­rin­çe­dir. Köp mil­let­li ýurt bo­lan Hy­ta­ýyň ila­ty­nyň 70 gö­te­ri­mi man­da­rin di­lin­de gep­leş­ýär.
Af­ri­ka­da mü­ňe go­laý dil­de gep­le­şil­ýär. Ola­ryň 30 sa­ny­syn­da mil­li­on­dan köp adam gep­leş­ýär. Beý­le­ki dil­ler­de gür­leş­ýän ila­tyň sa­ny bir mil­lio­na ýet­me­ýär.
Hin­dis­tan­da 800-den gow­rak dil bar. Ýurt ilat sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji ýer­de dur­ýar.
Dil­le­riň ara­syn­da dür­li meň­zeş­lik­ler we ta­pa­wut­lar bar. Dil­ler bir­nä­çe to­pa­ra bö­lü­nip, ola­ryň kö­pü­sin­de meň­zeş söz­le­re ga­bat ge­lin­ýär. Şeý­le hem kä­bir söz­ler, esa­san, adal­ga­lar köp dil­de meň­zeş bol­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de peý­da bo­lan en­jam­lar hem şeý­le.
Dil­çi­ler dün­ýä­niň äh­li dil­le­ri­ne mah­sus bo­lan aý­ra­tyn­lyk­la­ry ýü­ze çy­ka­ryp­dyr­lar. Oňa gö­rä, gün­de­lik dur­muş­da has köp ula­nyl­ýan söz­ler gys­ga, seý­rek ula­nyl­ýan söz­ler uzyn bol­ýar. Şeý­le hem dün­ýä­dä­ki äh­li dil­de ada­myň be­den sy­na­la­ry­nyň at­la­ry gys­ga, köp­lenç bir ýa-da iki bo­gun­ly bol­ýar – saç, el, ýüz, göz, agyz, aýak, bil, egin.
Dil bi­len şol dil­de gep­leş­ýän hal­kyň me­de­ni­ýe­ti­niň hem ara­bag­la­ny­şy­gy bol­ýar. My­sal üçin, türk­men di­lin­de atyň ýa­şy, reň­ki we es­bap­la­ry bi­len bag­ly has köp sö­ze duş ge­lin­ýän bol­sa, so­wuk ül­ke­ler­de ýa­şa­ýan es­ki­mos­lar­da gar we buz bi­len bag­ly has köp sö­ze duş gel­mek bol­ýar.

Aýgül Akmyradowa,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.