“Apple” kompaniýasy her ýylyň güýz aýlarynda täze smartfonlaryny, mobil enjamlaryny we programmalaryny tanyşdyrýar. Geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ““iPhone 12” we beýleki mobil enjamlar wagtyndan giç hem-de bölekleýin tanyşdyrylypdy. Munda amerikan brendiniň smartfonlaryna (bäsdeşlerinden yzda galan hem bolsa) 5G aýratynlygynyň girizilmeginiň hem täsiriniň bardygy aýdylypdy. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu ýyl satuwa çykaryljak “iPhone”-laryň kamera aýratynlyklary has ýokary bolar. “iPhone 13” (“iPhone 12S” diýlip atlandyrylmagy hem mümkin) seriýasyna degişli mobil enjamlar ultra giň burçly kamera sensorlary arkaly ýagtylygyň pes ýerlerinde hem ýokary durulykda surata düşürer. “iPhone 13 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” smartfonlary bolsa, telefoto sensor bilen üpjün ediler. “Barclays”-iň analitikleri Bleýn Kurtis we Tomas O’Malliniň bellemegine görä, “iPhone 13” modelleriniň hemmesi has kämil ultra giň burçly kamera sensory bilen üpjün ediler.