Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda Alyşir Nowoýy adyndaky Halkara jemgyýetçilik gaznasy esaslandyryldy. Degişli karara 5-nji fewralda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu gazna Alyşir Nowaýynyň eserlerini daşary ýurt dillerine terjime we neşir etmek bilen meşgullanar, şeýle hem şahyryň mirasyny öwrenýän ýazyjylara we alymlara ýardam berer. Maliýe serişdeleri Respublikanyň hökümetiniň ýanyndaky özbek dilini ösdürmek boýunça gaznadan gönükdiriler. Her ýyl bu gaznadan 1 milliard sum (95 müň dollar) bölünip berler. Maliýe serişdeleriniň haýyr-sahawat guramalaryndan we halkara grantlaryndan hem alynmagy meýilleşdirilýär.

Her ýylyň 9-njy fewralynda, Özbegistanda Alyşir Nowaýynyň doglan gününde halkara maslahaty we şahyra bagyşlanan okaýyşlar guralýar. Şu ýyl hem özbek nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, gumanist, Orta asyrlar gündogarynyň döwlet işgäri, şahyr Alyşir Nowaýynyň 580 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçiriler. Şahyryň ýubileýi daşary ýurtlarda hem giňden bellenilýär.

Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili  

XV asyrda özbek edebiýatynyň gülläp ösen döwri bolup, ol Alyşir Nowaýynyň eserlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Şahyrlaryň, filosoflaryň, dilçileriň, taryhçylaryň, suratkeşleriň, kompozitorlaryň we alymlaryň howandary, halypasy  bolan Alyşir Nowaýynyň (1441–1504) döredijiligi özbek edebiýatynyň ösüşiniň iň ýokary derejesi hasaplanýar. Parsça we türki dillerinde ýazan Nowaýy özüniň belli lingwistik eseri “Muhakemetü’l-Lügateýn”-de (1499) “pars we türki dilleriň deňeşdirilmegi” pars dili bilen bir hatarda türk dilleriniň hukuklaryny goraýar. Nowaýynyň  görnükli pars şahyry Jamy bilen geçiren döredijilik çekişmeleri netijesinde, bu ýagdaý  has-da ýaýbaňlanypdyr. Olaryň dostlugy Orta Aziýanyň medeni durmuşynda möhüm döwür bolup, onuň esasy aýratynlygyny ýüze çykarypdyr. Şeýlelikde, täze türki diller edebi gepleşige girizilipdir we pars nusgawy mirasynyň galyplaryny we žanrlaryny özleşdirmegiň hasabyna bu dilleriň mümkinçiligi has-da artyp başlapdyr. Nowaýy 1469-njy ýylda medresede bile okan ýoldaşy Soltan Hüseýn Baýkaranyň häkimlik eden ýyllarynda hat-petekleri saklaýjy bolup işleýär. Ol 1472-nji ýylda wezirlige bellenip, emir derejesine eýe bolýar. Nowaýynyň edebi mirasy – 30 töweregi şahyrana ýygyndydan, uly poemalardan, kyssalardan we ylmy tezkirelerden ybaratdyr. Ol parsça, esasan hem, özbekçäniň Orta asyr görnüşinde – türki dilde ýazypdyr. Nowaýynyň döredijiliginiň ýokary derejesi – “Hamsa” (Bäş poema) bolup, ol Nyzamy Genjewiniň we pars şahyry Emir Hosrow Dehlewiniň “Bäşlemelerine” neziredir, (öýkünmedir). Olar “Haýretü’l-Ebrar” (1483), “Leýli we Mejnun”, (1484), “Perhat we Şirin” (1484), “Isgenderiň bendi” (1485) we “Seb’e-i Seýýarem” (1484) ýaly poemalardan ybaratdyr.