Daniýa Demirgazyk deňzinde dünýäniň ilkinji energiýa adasyny gurmagy meýilleşdirýär. 3 million hojalygy energiýa bilen üpjün etjek desga ýurtda häzire çenli durmuşa geçirilen iň uly gurluşyk desgasy bolar. Dünýäniň birnäçe ýurdy dünýäde howanyň maýlamagynyň öňüni almak üçin täze taslamalary durmuşa geçirýär. Bu ugurda Ýewropa ýurtlary öňdeligi eýeleýär. Daniýada hem bu ugurda takyk maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 2030-njy ýyla çenli ýurtda howa iberilýän zyýanly gazlaryň 70 göterime çenli azaldylmagy göz öňünde tutulýar. 2050-nji ýyla çenli bolsa, bu görkezijiniň nol derejä çenli düşürilmegi göz öňünde tutulýar. Deňizde guruljak ada bu maksatnama ýetmäge saldamly goşant goşar. Adada ýel turbinalaryndan energiýa öndüriler. Şeýle hem ýurt Demirgazyk deňzindäki nebit we gaz gözleg işlerini geçen ýylyň dekabrynda dolulygyna ýatyrandygyny mälim etdi.

Deňiz kenaryndan 80 km daşlykda guruljak desganyň birinji tapgyry 18 futbol meýdançasy ýaly, ýagny 120 müň inedördül metre barabar bolar. Soňra bolsa, 460 müň inedördül metre çenli giňeldiler. Iri taslamany durmuşa geçirmek üçin 34 milliard dollar özleşdiriler. Bu ýerde 200 sany äpet ýel turbinasy gurlar. Açyk deňizdäki birsyhly öwüsýän ýelden peýdalanyp, öndüriljek energiýadan Angliýa, Germaniýa we Niderlanlar almaga isleg bildirýär. Taslama 2033-nji ýylda dolulygyna durmuşa geçiriler. Demirgazyk deňzinde öwüsýän ýel energiýa almak üçin amatly şert döredýär. Daniýa Baltika deňzinde hem şeýle adalaryň birini döretmegi meýilleşdirýär. Bu ýerde guruljak desganyň energiýasyny almak üçin Germaniýa, Belgiýa we Niderlandlar şertnama baglaşdylar.