Ýewropanyň Awtoulag Öndürijileri Bileleşiginiň (ACEA) maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyl Ýewropada elektroulag satuwy bir milliondan geçipdir. Bu görkeziji dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän hem-de gibrid ulaglary öz içine alýar. Şeýlelikde, sebitde satylan täze ulaglaryň 11 göterimini elektroulaglar emele getiripdir. Maglumatlara görä, Ýewropada 1 million 46 müň elektrokar satylypdyr. 2019-njy ýylda bu görkezijiniň bary-ýogy 387 müň 808 bolandygy mälim edildi. Diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar hasaba alnanda bolsa, 2019-njy ýyldakydan iki esse köpelip, 538 müň 772-e ýetipdir. Zarýad berip bolýan gibrid ulaglaryň satuwy 262 göterim ýokarlanyp, 507 müň 59 bolupdyr. Bilermenler elektrokarlara islegiň ýokarlanmagynyň dowam etjekdigini belleýärler. Giňeýän zarýad beriş infrastrukturasy, şeýle ulaglary öndürmäge we satyn almaga berilýän goldawlar elektroulaglaryň satuwyny görnetin ýokarlandyrýar. Käbir iri şäherlerde täze giriziljek çäklendirmeler bolsa, içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglara bolan islegi azaldar.