Hytaý kompaniýasy täze enjamy bolan “Xiaomi Mi 11” smartfonyny köpçülige tanyşdyrandan soňra täsin mahabat usulyndan peýdalandy. Enjamyň afişalary we uly mahabat gurnamalary Londonda we Bangkokda peýda boldy. Mundan başga-da, “Xiaomi” dünýädäki iň beýik bina bolan “Burj Halifanyň” fasadynda hem öz reklamasyny etdi. Beýikligi 828 metrlik bina suraty görkezip bilýän ýörite LED paneller bilen enjamlaşdyrylandyr. Mahabatyň bahasynyň üç minut üçin 68 müň dollara barabardygy bellenilýär. Dynç günlerinde bolsa mahabatyň bu adaty bolmadyk görnüşiniň bahasy birneme gymmatlaýar – 350 müň dirhem (95 müň dollar). Mundan ozal “Huawei”, “Cartier” we “Walt Disney” ýaly meşhur kompaniýalar hem şeýle mahabatlandyryş çärelerini geçiripdi.
“Xiaomi Mi 11”-iň tehniki aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, 120 Hz-da 6,81 dýuým 2K AMOLED displeýi, “Snapdragon 888” çipi, 8/12 GB RAM-y, 108 MP, 13 MP, 5 MP durulygynda surata alýan üç kamera sensory, 20 MP öňki kamerasy bar. Mobil enjam geljek aý satuwa çykarylar.