Alymlar topary gök çaýyň adama düwnük keseline garşy göreşmekde uly kömek edýändigini kesgitlediler. Bu hem gök ösümlikleriň düwnük kesellerine garşy göreşmekde adamlaryň esasy kömekçisi bolup biljekdigine şert döreder. Bu barada amerikan alymlarynyň ylmy-barlag işlerine salgylanyp «Nature Communications» žurnaly habar berýär.
Alymlar gök çaýda düwnük keselini dörediji öýjükleri ýok edip bilýän, üýtgäp durýan bir maddany tapmagy başardylar. Bu ýerde gürrüň gök çaý ýapraklarynyň düzüminde bolan «gallat epigallokatehin» maddasy barada barýar. Görnüşi ýaly, özboluşly häsiýetleri bolan «geniň goragçysy» diýlip atlandyrylýan «p53» belogy düwnük keseline garşy işjeňligi güýçlendirip biler.
Adam bedeninde «p53» molekulalary belli bir derejede düwnük keseliniň öňüni almaga mümkinçilik berýär. ABŞ-nyň Rensselar institutynyň Biotehnologiýa merkeziniň wekili Wan Çunýu «p53» belogynyň düwnük keseline garşy göreşmek üçin iň möhüm belok bolup durýandygyny belledi.
Gülşat ANNAGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.