Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijisi «Geely»-niň eýeçiligindäki «Terrafugia Transition» atly uçýan awtoulaga degişli rugsatnama gowşuryldy. ABŞ-nyň Awiasiýa edarasynyň beren rugsatnamasy onuň diňe uçar hökmünde ulanylmagyna ygtyýar berýär. Uçaryň ýol hereketinde ulanylmagy üçin aýratyn rugsatnama almaly bolar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu rugsatnamany geljek ýyl almagy maksat edinýärler. «Transition» howada wagty sagatda 161 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Bu ulag 2011-nji ýyldan bäri işlenip düzülýär. Kompaniýanyň wekili Kewin Kolburn uçýan ulagyň 80 günlük synag uçuşlaryny üstünlikli tamamlandygyny we ähli synaglardan geçendigini aýtdy. «Transition» ulagynda kuwwaty 100 at güýjüne barabar bolan «Rotax 912iS» hereketlendirijisi oturdylypdyr. Benzin bilen işleýän ulagyň uçar hökmünde ulanylan wagty açylýan, ýerde wagty ýapylýan ganatlary bar. «Transition» ilkinji uçýan ulaglaryň biri hasaplanýar.