BMG-de dur­nuk­ly ösüş ga­zan­mak maksady bilen Um­man ylym­la­ry­nyň 10 ­ýyl­ly­gy baş­la­dy. Bu köp­çü­lik­le­ýin çäräniň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li çykyş eden BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş um­ma­nlaryň düý­bü­niň 80 gö­te­rim­den gow­ra­gy­nyň en­tek öw­re­nil­män­di­gi­ni we kar­ta­laş­dy­ryl­man­dy­gy­ny aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, um­man­la­ry go­ra­mak we dün­ýä ila­ty­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin adam­zat has köp bi­lim top­la­ma­ly­dyr.

Okea­nog­ra­fik bar­lag­lar ama­ly ylym­la­ryň gel­je­gi uly ugur­la­ryn­dan bi­ri bol­sa-da, döw­let­ler göz­leg býu­jet­le­ri­niň or­ta­ça 1,7 gö­te­ri­mi­ni um­man yl­ymlaryna sarp ed­ýär­ler, bu bol­sa yl­my bar­lag­la­ryň beý­le­ki ugur­la­ryn­dan has azdyr. Şeý­le-de, bu dü­şün­di­ri­şe çap­raz gel­ýär – 2010-njy ýyl­da de­ňiz se­na­ga­ty­nyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­şan go­şan­dy Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we ösüş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan 1,5 tril­li­on dol­lar di­ýlip çak­la­nyl­dy we bu gör­ke­zi­ji ha­ky­ky gör­ke­zi­ji­lerden has pes­dir. Çünki şol ýyl de­ňiz yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň 30 mil­li­on­dan gow­rak ada­my iş bi­len doly üp­jün ed­en­di­gi hasaba alnypdyr. ­
– Um­man­la­ryň eko­lo­gi­ýa­sy­ny di­kelt­mek üçin bi­ze bi­lim ge­rek, um­man ylym­la­ry babatynda öz­ge­riş­lik ge­rek. Biz di­ňe te­bi­ga­ta paý­has­ly çe­me­leş­mek bi­len, hem­me­le­riň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün edip bi­le­ris – diýip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş belledi.
Um­man­la­ryň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne iň uly go­şan­dy, ba­lyk­çy­lyk bo­lup, üç mil­liard­dan gow­rak ada­my ýaşaýyş serişdeleri bi­len üp­jün ed­ýär. Um­man söw­da, ener­gi­ýa trans­por­ty, sy­ýa­hat­çy­lyk, ga­zy­lyp alyn­ýan energiýa serişdeleri we ke­nar­ýa­ka ýel ener­ge­ti­ka­sy­nyň ösü­şi ýa­ly pu­dak­lar­da-da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Bi­ziň howp­suz­ly­gy­myz we aba­dan­ly­gy­myz um­manlaryň ýagdaýyna we umman ylym­la­ryny bilşimize baglydyr. Um­man bar­lag­la­ry ÝUNESKO-nyň hö­kü­me­ta­ra okea­nog­ra­fi­ýa to­pa­ry ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­rylyp, dür­li hadysalaryň ilkinji duý­du­ryş ul­gam­la­ry­ny ut­gaş­dyr­ýar we adam­la­ra de­ňiz­le­riň we um­man­la­ryň plas­tik bilen ha­pa­lan­magy barada aň-bilim bermek bilen meşgullanýar.
– Üçün­ji müň­ýyl­ly­gyň ba­şyn­da okea­nog­ra­fi­ýa yl­my dür­li me­se­le­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga we çöz­güt­le­ri tek­lip et­mä­ge ukyp­ly, ýö­ne biz ony äs­ger­mez­lik et­me­gi bes eden ha­la­ty­myz­da netije berer. Dün­ýä hä­zir­ki dur­mu­şa uý­gun­la­şan­soň, um­man yl­ymlary pan­de­mi­ýa­dan soň­ky di­kel­diş döw­rün­de mö­hüm ähmiýete eýe bolar – di­ýip, ÝUNESKO-nyň baş direktory Od­ri Azu­laý aýt­dy.
Hä­zir­ki wagt­da um­man hak­da bil­ýän zadymyz Ýer to­ga­la­gy­nyň 71 gö­te­ri­mi­ni eýe­le­ýän ­dün­ýä um­manlary­nyň özün­de pyn­han sak­la­ýan zat­la­ry­nyň di­ňe bir ki­çi­jik bö­le­gi­dir. Hä­zir­ki wag­ta çen­li de­ňiz düý­bü­niň çäk­le­ri­niň di­ňe 20 gö­te­ri­mi ýo­ka­ry du­ru­lyk­da kar­ta­laş­dy­ryl­dy. Ýe­ne-de giň se­bit­le­ri, esa­san hem Ark­ti­ka se­bit­le­ri­ni, ekoul­gam­lar we um­man hadysalary jähtinden iç­gin öw­re­nil­me­li.
Um­man ha­dy­sa­la­ry­na çuň­ňur dü­şün­mek ze­rur­ly­gy has mö­hüm­dir, se­bä­bi um­man­lar glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň zy­ýan­ly tä­si­rleri­ni azalt­mak­da mö­hüm rol oý­na­ýar, ýö­ne onuň zy­ýan­ly gaz­la­ry özüne siň­dir­mek uky­by iň pes de­re­jelere ba­ryp ýetdi. Gel­jek­ki on ýyl­da hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi, esa­san, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki me­se­le­le­re in­no­wa­si­on çöz­güt­le­ri tap­mak üçin um­man yl­my­na ep-es­li ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni gö­nük­dir­megi maksat edinýär.

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy
Um­man ylym­la­ry­nyň 10 ­ýyl­ly­gy üçin
ýe­di mak­satnama tas­syk­la­dy:
1. Aras­sa um­man – ha­pa­lan­ma­gyň çeş­me­le­ri anyk­lan­ýar, azaldyl­ýar ýa-da ýok edil­ýär;
2. Sag­dyn we dur­nuk­ly um­man – de­ňiz ekoul­gam­y­na dü­şün­mek, go­ra­mak, di­kelt­mek we olary ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak;
3. Ön­dü­ri­ji­lik­li um­man – dur­nuk­ly azyk üp­jün­çi­li­gi we eg­sil­mez de­ňiz yk­dy­sa­dy­ýe­ti;
4. Duý­dur­ýan um­man – um­man­la­ryň ýag­daý­la­ry­nyň üýt­ge­me­gi­ne jem­gy­ýe­tiň dü­şün­me­gi we oňa seslenmegi;
5. Howpsuz um­man – ada­myň öm­ri we ýa­şa­ýyş dur­mu­şy um­man­la­ryň howp­la­ryn­dan go­ral­ýar;
6. El­ýe­ter­li um­man – mag­lu­mat­la­ra, ha­bar­la­ra, teh­no­lo­gi­ýa we in­no­wa­si­ýa­la­ra açyk deň­hu­kuk­ly el­ýe­ter­li­lik;
7. Yl­ham be­ri­ji we gy­zyk­ly um­man – jem­gy­ýet, öz aba­dan­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi nuk­daý­na­za­ryn­dan um­ma­nlara dü­şün­ýär we ba­ha ber­ýär.
– Öňü­miz­dä­ki on ýyl­da, um­manlar hak­da alnan bi­limler hil taý­dan ösüş gazanmak üçin oňaýly şertleri dö­red­ýär, bu bol­sa, Ýer to­ga­la­gy­nyň peý­da­sy­na has dur­nuk­ly çöz­güt­le­ri tap­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rýär – diýip, ÝUNESKO-nyň Halkara okeanografiýa toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Wladimir Rýabin belledi.
Umman ylymlarynyň 10 ­ýyl­ly­gyny dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­na­ma­sy ähli um­man se­bit­le­ri­ bilen maslahatlaşylyp iş­le­nip dü­zül­di we BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­dy. Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi, Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça 14-nji Mak­satnamanyň ka­bul edil­me­gi bi­len 2030-njy ýy­la çen­li um­ma­nlary dur­nuk­ly ulan­mak ba­ra­da­ky borç­na­ma­ny öz üs­tü­ne al­ýar.