Ýewropa Bileleşigi ýurtlary ahyrsoňy umumy göwrümi 672,5 milliard ýewro deň bolan dikeldiş we durnuklylyk gaznasynyň esaslandyrylmagyny tassykladylar. Bu gazna Ýewropa Bileleşiginde ykdysady çökgünligi aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň beýanatynda mälim edilýär.
«Ýewropa Bileleşiginiň geljekki nesli» diýlip atlandyrylýan 672,5 milliard ýewrolyk bu gazna Ýewropa Bileleşiginiň dikeldiş boýunça adatdan daşary merkezinde jemlenýär» diýlip, beýanatda bellenilýär.
Hakykatda, «Ýewropa Bileleşiginiň geljekki nesli» gaznasynyň umumy göwrümi 750 milliard ýewrodan ybarat bolup, birnäçe paýlaýyş mehanizmlerini öz içine alýar. Umuman aýdanyňda, ykdysady çökgünlige garşy döredilen bu gazna Ýewropa Komissiýasynyň bazardaky karzlary bilen doldurylar. Pul serişdeleri karzlar we grantlar görnüşinde paýlanar. Bu mehanizm Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlardan soň ýüze çykan ykdysady çökgünlikden gutulmagyny goldamak üçin niýetlenendir. «Ýewropa Bileleşiginiň geljekki nesli» gaznasy geçen ýyl ykdysady çökgünligi aradan aýyrmak maksady bilen işlenip düzüldi. Muňa garamazdan, onuň işiniň gutarnykly tassyklanmasy henizem dowam edip, doly işe başlamady.