Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi “Xiaomi”-niň awtoulag işläp taýýarlajakdygy mälim edildi. On ýyldan gowrak ozal “Tesla” kompaniýasynyň elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürmeginiň yzysüre bu ugurda maýa goýum goýýan ululy-kiçili kompaniýalar peýda boldy. Geçen ýyl “Sony” kompaniýasy diňe tehnologiýasyny kämilleşdirmek maksady bilen nusgalyk görnüşdäki ulagyny halkara sergide görkezipdi. Golaýda bolsa, “Apple”-iň awtoulag önümçiligi bilen gyzyklanýandygy mälim edilipdi. Hytaýyň “iFengNews” habarlar akkaundy “Xiaomi”-niň awtoulag öndürmek isleýändigini, bu taslama kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Lei Junuň ýolbaşçylyk edýändigi aýdylýar. Ýeri gelende aýtsak, Lei Jun 2013-nji ýylda “Tesla”-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask bilen gepleşik geçiripdi. Esasan, mobil enjamlaryň önümçiligi bilen meşgullanýan hem bolsa, “Xiaomi” öý-hojalyk enjamlaryny, welosiped, samokat ýaly kiçeňräk ulaglary, sport esbaplaryny we ýüzlerçe beýleki harydy öndürýär.