22-nji fewralda Gruziýanyň Parlamenti Irakli Garibaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady. “Ses berlişikde Parlament täze hökümete ynam bildirdi” diýip, Parlamentiň sözçüsi Arçil Talakwadze aýtdy. Prezident Salome Zurabişwili ýurduň Konstitusiýa laýyklykda, 2013-2015-nji ýyllarda Premýer-ministr bolup işlän Irakli Garibaşwilini hökümet başlygy wezipesine belledi. 18-nji fewralda Premýer-ministr Georgiý Gahariýa işinden çekilenden soň, bu wezipe boş durdy.