Bolgariýada geçiriljek Parlament saýlawlaryna 31 partiýa we 8 bileleşik gatnaşar. Bu barada Merkezi saýlaw toparynyň resmi wekili Dimitr Dimitrow Bolgariýanyň Milli telewideniýesinde bolan söhbetdeşliginde aýtdy. Resmi saýlaw kampaniýasy Bolgariýada 5-nji martda başlar we 2-nji aprelde tamamlanar. Ses bermek 4-nji aprelde geçiriler. Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly arassaçylyk çäreleri berjaý ediler we saýlaw toparynyň işgärlerine sanjym teklip ediler.