Bill Geýts dünýä senagatynyň gazylyp alynýan energiýa serişdelerinden ýüz öwürmeli däldigini, sebäbi Gün we ýel ýaly alternatiw çeşmeleriň elektrige bolan global zerurlygy kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däldigini aýtdy. Ol «2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylary diňe bir azaldylman, eýsem, nola çenli pese düşürilmelidir» diýip belledi. Howa goýberilýän zyýanly gazlaryň esasy zyňyndylary kömrüň, nebitiň we gazyň ýanmagyna esaslanýan energiýa bilen baglanyşyklydyr.