Amerikaly ýazyjy, gorkuly eserleriň belli awtory Stefen Kingiň meşhur eseri täzeden ekranlaşdyrylar. “Paramount Pictures” kompaniýasy ýazyjynyň “Ylgaýan adam” atly fantastik romanyň täze ekranlaşdyrmasynyň režissurasyny Edgar Raýta tabşyrdy. Ol ssenariýany, “Skot Piligrim hemmelere garşy” atly filminde bile işleşen Maýkl Bekkol bilen bilelikde ýazar.

Film ozalky, 1987-nji ýylda baş roly Arnold Şwarseneggeriň ýerine ýetirmegindäki ekranlaşdyrmanyň rimeýki bolmaz. Şeýle-de bolsa, 2017-nji ýylda Raýtdan haýsy filmiň rimeýkini täzeden surata almak isleýändigini Twitterde soralanda, ol “Ylgaýan adam” filminiň adyny aýdypdyr diýip, habarda bellenilýär.

Taslamanyň prodýuserleri hökmünde Odri Çon (“Alagaraňky zona”), Saýmon Kinberg (“Jenap we hanym Smit”), Naýra Park (“Baby Driver”) çykyş ederler. Bulardan başga-da, şu ýyl Raýtyň ýene iki filmi ekranlara çykmaly. Olar: “Geçen gije Sohoda” gorkuly žanrda we “The Spark Brothers” atly  dokumental filmlerdir.

Ajap Rejepowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby