«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Tim Kuk soň­ky al­ty ýy­lyň do­wa­myn­da ýüz­den gow­rak ulu­ly-ki­çi­li kom­pa­ni­ýa­la­ry we fir­ma­la­ry sa­tyn al­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk eden­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Kuk bu hyz­mat­daş­lyk yla­la­şyk­la­ry­nyň uly bö­le­gi­niň teh­no­lo­gi­ýa­nyň trans­fe­ri bi­len bag­ly­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän «App­le» ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de 111,4 mil­liard dol­lar re­kord gir­de­ji ga­za­nyp­dy. Soň­ky on ýy­lyň do­wa­myn­da kom­pa­ni­ýa­nyň iň gym­mat hyz­mat­daş­lyk yla­la­şy­gy­ny gu­lak­lyk ön­dü­ri­ji «Beats Electro­nics» bi­len ýo­la go­ýup­dy. «App­le» 2014-nji ýyl­da bu kom­pa­ni­ýa­ny sa­tyn al­mak üçin 3 mil­liard dol­lar tö­läp­di. 2018-nji ýyl­da bol­sa, aý­dym-saz­la­ry anyk­la­ýan «Sha­zam» prog­ram­ma­sy­ny 400 mil­li­on dol­la­ra sa­tyn alyp­dy. Kom­pa­ni­ýa ki­çi fir­ma­la­ry sa­tyn alyp, ola­ryň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny peý­da­lan­ýar. Ame­ri­kan bren­di tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan «Pri­me­Sen­se»-i hem sa­tyn al­dy. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp dü­zen 3D çöz­gü­di «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry­nyň ýüz ta­na­ýan (FaceID) teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny dö­ret­mek­de peý­da­la­nyl­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da teh­no­lo­gi­ýa ägir­di eme­li aň, hy­ýa­ly ha­ky­kat, sü­rü­ji­siz sü­rüş we tö­leg ul­gam­la­ry ýa­ly ugur­lar­da iş alyp bar­ýan fir­ma­la­ry sa­tyn al­dy. 2016-njy ýyl­da öz ula­gyň­da tak­si­çi­lik hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýän Azi­ýa­nyň iň uly kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan «Di­di Chuxing» bi­len hem bir mil­liard dol­lar­lyk yla­la­şyk ga­zan­dy. Hä­zir­ki wagt­da «App­le»-iň ba­zar nyr­hy iki tril­li­on dol­lar­dan geç­ýär.

Arazmuhammet Gutyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.