«Apple» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk soňky alty ýylyň dowamynda ýüzden gowrak ululy-kiçili kompaniýalary we firmalary satyn almak boýunça hyzmatdaşlyk edendiklerini mälim etdi. Kuk bu hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň uly böleginiň tehnologiýanyň transferi bilen baglydygyny mälim etdi. Ýokary tehnologiýa aýratyn ähmiýet berýän «Apple» geçen ýylyň soňky çärýeginde 111,4 milliard dollar rekord girdeji gazanypdy. Soňky on ýylyň dowamynda kompaniýanyň iň gymmat hyzmatdaşlyk ylalaşygyny gulaklyk öndüriji «Beats Electronics» bilen ýola goýupdy. «Apple» 2014-nji ýylda bu kompaniýany satyn almak üçin 3 milliard dollar töläpdi. 2018-nji ýylda bolsa, aýdym-sazlary anyklaýan «Shazam» programmasyny 400 million dollara satyn alypdy. Kompaniýa kiçi firmalary satyn alyp, olaryň täzeçil tehnologiýalaryny peýdalanýar. Amerikan brendi täzeçil tehnologiýalary öndürmegi bilen tanalýan «PrimeSense»-i hem satyn aldy. Bu kompaniýanyň işläp düzen 3D çözgüdi «iPhone» smartfonlarynyň ýüz tanaýan (FaceID) tehnologiýasyny döretmekde peýdalanyldy. Bulardan başga-da tehnologiýa ägirdi emeli aň, hyýaly hakykat, sürüjisiz sürüş we töleg ulgamlary ýaly ugurlarda iş alyp barýan firmalary satyn aldy. 2016-njy ýylda öz ulagyňda taksiçilik hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýän Aziýanyň iň uly kompaniýasy bolan «Didi Chuxing» bilen hem bir milliard dollarlyk ylalaşyk gazandy. Häzirki wagtda «Apple»-iň bazar nyrhy iki trillion dollardan geçýär.