Tu­tan­ýer­li­lik, dur­nuk­ly­lyk, açyk­lyk: bu­lar Ýew­ro­pa­nyň tä­ze söw­da stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň öz ýö­rel­ge­le­ri­ni üýt­ge­tme­gi­ne se­bäp bol­dy. Şo­ňa gö­rä Brýus­sel­de Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Wal­dis Domb­rows­kis ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen söw­da stra­te­gi­ýa­sy­nyň öze­ni­ni köp­ta­rap­la­ýyn ugur ýö­rel­ge­le­ri eme­le ge­tir­di.
– Glo­bal ösü­şiň 85 gö­te­ri­mi gel­jek 10 ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň çäk­le­rin­den da­şar­da ama­la aşy­ryl­ma­gy nuk­daý­na­za­ryn­dan pan­de­mi­ýa­dan soň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň di­kel­dil­me­gi­ne kö­me­gi art­dyr­ma­ly – di­ýip, Wal­dis Domb­rows­kis aýt­dy.
– Pan­de­mi­ýa­dan soň yk­dy­sa­dy di­kel­di­şe kö­mek; Ug­le­ro­dyň nol derejesini ga­zan­mak üçin Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni özgertmek; Pa­ri­žiň ho­wa bo­ýun­ça şert­na­ma­sy­ny söw­da şert­na­ma­la­ry­nyň mö­hüm ele­men­ti hök­mün­de ulan­mak; Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň bäh­bit­le­ri­ni we hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ýa­ly ugur­lar Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň esa­sy öňe sür­ýän mak­sat­na­ma­la­ry bo­lar – di­ýip, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti bel­le­di.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, esa­san hem, Hy­taý bi­len ýa­kyn­da bag­la­şy­lan ma­ýa go­ýum şert­na­ma­sy­ny göz öňün­de tu­tup, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ber­jaý eder. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi öz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we ra­ýat­la­ry­nyň dur­nuk­ly söw­da amal­la­ry­ny iler­let­mek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şeý­le-de, Af­ri­ka, La­tyn Ame­ri­ka­sy we Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dü­rip, dün­ýä­dä­ki tä­si­ri­ni gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýär.