Portugaliýanyň Atlantik ummanyndaky Azor adasyna ýardam bermäge gönükdirilen «Life ip Climaz» atly taslamasy howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreş boýunça Ýewropa Komissiýasy tarapyndan saýlanan 12 taslamanyň biri boldy. Ýewropanyň daşky gurşaw we howa boýunça maksatnamasynyň çägindäki maýa goýumlarynyň umumy mukdary 121 million ýewro deňdir. Ýewropa Komissiýasy tarapyndan goýberilýän maliýe serişdeleri Belgiýa, Germaniýa, Irlandiýa, Fransiýa, Italiýa, Latwiýa, Wengriýa, Niderlandlar, Polşa, Portugaliýa we Slowakiýa ýaly ýurtlaryň ekologiýa maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam berer. Esasy maksatlaryň biri bolsa nol uglerod zyňyndyly durnukly hereket bolup durýar.
«Life ip Climaz» taslamasy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goýberilen 12 million ýewro bilen maliýeleşdirilip, Azor arhipelagyna adatdan daşary howa hadysalarynyň garşysyna has durnukly bolmaga, şeýle hem energiýa, tokaý hojalygy we syýahatçylyk ýaly beýleki ugurlarda goldaw bermäge ýardam eder.