2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň nol derejesini gazanmaga bil baglanyp, energiýa öndürmek usulyny düýpgöter üýtgetmek meýilleşdirilýär. Wodoroda onlarça ýyl bäri geljegiň ýangyjy hökmünde garalýardy. Emma Germaniýanyň «Hydrogenious» kompaniýasy bu günki işi ertire goýmazlyga çalyşýar. Firmanyň özboluşly tehnologiýasy arzan we ygtybarly wodorody daşamaga mümkinçilik berýär. Ol gazylyp alynýan energiýa serişdelerini ulanmazdan taýýarlanan «ýaşyl» wodorod üçin aýratyn möhümdir. Täze çözgüt Gün, ýel energiýa beketleri ýaly önümçilik desgalaryny wodorodyň iň köp talap edilýän ýerleri bilen birleşdirýär.
– Biziň tehnologiýamyz wodorody häzirki zaman infrastrukturasyna doly laýyk gelýän suwuklyk daşaýjyda howpsuz we netijeli saklamaga mümkinçilik berýär. Potensial nukdaýnazardan, hakykatdan hem Ýewropada «ýaşyl» wodorod infrastrukturasynyň giň gerimli ösüşine goşant goşmagy maksat edinýäris. Biziň tagallalarymyz Ýewropanyň transportyny we senagatyny zyýanly gazlardan arassalamaga gönükdirilendir. Bu howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreş çäreleriniň üstüni ýetirer – diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş direktory Daniel Taýhman aýtdy.
Ol Ýewropada «ýaşyl» wodorody öňe sürmek ugrundaky edilýän tagallalaryň aýratyn ähmiýete eýedigini belleýär:
– Meniň pikirimçe, milli derejede edip biljek zatlarymyz az, şoňa görä, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan döredilen maliýeleşdiriş mehanizmlerini goldaýaryn. Bu ugurda Ýewropada uly işler bitirilýär. Wodorody giň gerimde çynlakaý ösdürmeli. Häzirki wagtda wodorodyň köp bölegi gazylyp alynýan energiýa serişdeleri arkaly öndürilýär, ýöne ony täzelenip bilýän çeşmelerden – elektroliz diýilýän proses arkaly hem alyp bolýar. Ýewropa Bileleşigi häzirki mukdara garanyňda, 2024-nji ýyla çenli 13 esse köp arassa wodorod öndürmegi meýilleşdirýär. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 130 esse ýokarlanmagyna garaşylýar. Şu maksat bilen Arassa wodorod boýunça Ýewropa birleşigi döredildi. Ol döwletleriň we hususy kompaniýalaryň ählisi üçin açyk bolup, hökümetiň we senagatyň tagallalaryny birleşdirmäge kömek edýär.
«SolarPower Europe» toparynyň ýerine ýetiriji direktory Walburga Hemetsberger bolsa, şeýle belleýär:
– «SolarPower Europe» topary bu bileleşigiň agzasydyr. Arassa wodorodyň tizleşdirilen önümçiliginiň awiasiýa ýa-da gämi gatnawy ýaly pudaklary zyýanly gazlardan arassalamak üçin möhüm ähmiýete eýedigini bilýäris. Biziň Birleşigimiziň wekilleri hem bu baradaky pikirini orta atyp biler. Onuň maksady wodorodyň önümçiligini çaltlandyrmakdan, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmekden ybarat. Häzirki wagtda Ýewropada wodorod öndürmek, esasan, gazylyp alynýan energiýa serişdelerine esaslanýar. Birleşik ykrar edilen bazar liderlerinden başlap, başlangyç startaplara çenli Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirmegi maksat edinýär. Bularyň hemmesi wodorod ykdysadyýetine badalga bermek üçin niýetlenendir. Biziň Ýewropany arassa wodorod tehnologiýasy boýunça dünýäde öňdebaryjy sebite öwürmäge we ygtybarly senagat ekoulgamyny döretmäge mümkinçiligimiz bar.
Maglumatlar:
– Wodorod ulanylanda hiç hili CO2 bölünip çykmaýar. Netijede, bu ýagdaý senagat pudaklarynyň zyýanly gazlary howa goýbermezligi üçin iň gowy çözgütdir. Çünki ol ýerlerde CO2 zyňyndylaryny azaltmak derwaýys, ýöne kyn mesele bolup durýar.
– Arassa wodorod boýunça birleşik Ýewropa Bileleşiginiň täze senagat strategiýasynyň bir bölegi hökmünde döredilip, Ýewropa ykdysadyýetini «ýaşyl we sanly» ulgama geçirmegi maksat edinýär. Bu Birleşik senagatyň zyýanly gazlardan arassalanmagyny tizleşdirmäge we pudakda öňdebaryjylygy saklamaga ýardam berýär.
– Wodorod açyk tebigatda elýeterli däl, ýöne ony elektrik toguny ulanmak bilen suwy wodoroda we kisloroda dargatmak arkaly alyp bolýar. Eger-de bu energiýa Gün energiýasy ýa-da ýel elektrik beketleri ýaly täzelenýän çeşmeler bilen öndürilýän bolsa, onda ony «ýaşyl wodorod» diýip atlandyryp bolardy.
Häzirki wagtda Germaniýa, Beýik Britaniýa, Niderlandlar, Belgiýa we Awstriýa ýaly ýurtlarda wodorod ulanmak meýilleşdirilýär. Wodorod himiki birleşme görnüşinde bolup, onuň köp bölegi dünýä ummanynda saklanýar. Bu element daşky gurşawy goramakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, transport serişdelerinde dizeliň, ýyladyş üçin tebigy gazyň hem-de metallurgiýa zawodynda ulanylýan kömrüň ýerini tutýar.