Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň astrofizikleri Günüň üstünde orta derejeli magnit tupanynyň başlandygyny hasaba aldylar. Günüň ýüzünde wagtal-wagtal şeýle hadysalar bolýar. Magnit tupanlarynyň klassifikasiýasynda bäş dereje bar: G1 (iň gowşak tupan)-dan G5 (gaty güýçli tupan). Ylymlar akademiýasynyň Gün rentgen astronomiýasy laboratoriýasynyň habaryna görä, indiki G1 derejeli magnit tupanynyň 18-19-njy martda boljakdygyny çaklaýarlar. Kuwwata baglylykda, bu hadysalar örän seýrek hem bolsa, Ýeriň geomagnit meýdanynda energiýa we nawigasiýa ulgamlaryna, şeýle hem radio aragatnaşygynyň işine täsir edip bilýär. Iň güýçli tupan 1859-njy ýylyň 1-2-nji sentýabrynda bolup geçen Karrington geomagnit tupanydyr. Şol tupan Ýewropada we Demirgazyk Amerikada telegraf aragatnaşygynyň kesilmegine getiripdi. 1989-njy we 2012-nji ýyllarda hem geomagnit tupanlary radioaragatnaşygyň kesilmegine sebäp bolupdy.