“Rolls-Royce Motor Cars” brendiniň nyşany bolan “Ecstasy Spirit”-iň döredilenine 110 ýyl doldy. Bu dizaýn 1911-nji ýylyň 6-njy fewralynda intellektual eýeçilik hökmünde hasaba alyndy we iňlis brendiniň ajaýyp aýratynlygy we dünýäde iň meşhur lýuks nyşanlarynyň birine öwrüldi. Ilkinji “Ecstasy Spirit”  heýkeliniň ululygy 18 sm bolan bolsa, häzirki wagtda 7,5 sm-e çenli kiçeldildi. Bu ulagyň motory otlanan wagty “Ecstasy Spirit” nyşany ýokary galýar. Bu mehanizme başgaça “Günüň dogmagy” diýilýär. Brendiň sungat dünýäsi bilen düýpli gatnaşygy häzirki wagtda dünýäde öňdebaryjy dinamiki surat başlangyçlaryndan biri bolan “Rolls-Royce MUSE” sungat programmasynda öz beýanyny tapdy.