Astronomlar 2006-njy ýyla çenli Gün ulgamynda 9 planeta bar diýip hasap edýärdiler. Emma şol ýyl Halkara Astronomiýa Geňeşi Günden iň uzakda ýerleşýän Plutony planeta bolmakdan çykardy. Sebäbi, beýleki planetalardan has kiçi bolan bu asman jisimi, uzaklygy sebäpli Günüň daşyndaky bir aýlawyny örän uzak wagtda – 248 ýylda amala aşyrýar. Şeýle-de bolsa, astronomlar 8-nji planeta bolan Neptundan hem aňyrda ýene-de bir planetanyň bardygyny çaklaýardylar. Emma ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Enn Arbor şäherindäki Miçigan uniwersitetiniň astronomlary Gün ulgamynda başga planetanyň ýokdugyny mälim etdiler. Astronomlaryň pikiriçe, Gün ulgamynyň dokuzynjy planetasynyň bardygyny tassyklaýan maglumatlar yzygiderli gözegçilik ýalňyşlygy netijesinde emele gelipdir. Geçirilen barlaglarda Günüň golaýynda ýerleşýän orbitanyň nokatlarynyň belli bir burç bilen süýşendigini anyklandy. Simulýasiýalaryň kömegi bilen geçirilen dürli barlaglarda Neptundan aňyrda ýene-de bir planetanyň ýokdugy ýüze çykaryldy.